Ak niýetiň alamaty alaja

30 Awgust 2023
378

Türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti uludyr. Zenanlarymyz tarapyndan döredilip, sungat derejesine ýetirilen el işleri özleriniň nepisligi bilen tapawutlanýar.

Alaja örmek hem şeýle el işleriniň hatarynda mynasyp orun alyp, ol halkymyzda tumar hökmünde ulanylýar. Ene--mamalarymyz çeper elleriniň hünäri bilen ýönekeýje sapaklardan alaja örüp, ony ajaýyp bir sungata öwürmegi başarypdyrlar. Alaja, köplenç, ak hem-de gara reňkli sapaklaryň işilmeginden emele gelýär. Ony ähli el işlerimizde-de giňden ulanýarys. Ak niýetiň alamaty bolan alaja gözden-dilden goraýjy hökmünde hem uly ynanja eýedir.

Orazgül Tuwakgylyjowa,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli redaktory.