Ene kesbini ýöredýän zenan

15 Awgust 2023
455

Dynç günüdi. «Ol daglaryň aşygy» atly oçerkimiň gahrymany, Köpetdagyň eteginde dowar bakýan Allanazar çopandan el telefonyma jaň geldi. Onuň nämedir bir zada duýgulanany sesinden bildirip durdy. Ol: «Şu wagt radiodan seniň «Bize sen gerek!» atly oýlanmaňy diňledim. Dogan mähri, dogan didary baradaky ýürek sözleriňi özüň bolup ýetiren alypbaryja Oguljahan Mämikowamyka diýipdirin. Ýöne bu mümkin däl-ä. O nähili beýle bolýar?!» diýip janygýardy. Alypbaryjynyň halkymyzyň arasynda gyzgyn söýgä, uly abraýa eýe bolan ussat halypamyzyň gyzydygyny aýdanymda, sähranyň sada göwünli çopany: «Beýle-de bir meňzeşlik bor oguşýan...» diýip, öňküden-de geň galdy. Bolýan ekeni. Ussat alypbaryjy artist Oguljahan Mämikowanyň mahmal owazyna maýyl bolanlar onuň gyzy, «Miras» radioýaýlymynyň alypbaryjysy Nurjahan Saparowanyň mylaýym sesini tolgunman diňleýän däldirler.

Çagalygy studiýada, sahnada geçen gyzyň ykbalynyň sungat, döredijilik bilen baglanmagy ýöne ýerden däl. Nurjahan türkmen kino sungatynda ajaýyp keşpleri döredip, taryhda öçmejek yz goýan goşa ägirdiň — Türkmenistanyň halk artistleri Durdy Saparowyň we Oguljahan Mämikowanyň eziz perzendi. Şonuň üçin Nurjahan barada gürrüň edilende, ilki bilen, «Aýgytly ädim» kinofilmini ýatlanyňy duýman galýarsyň. Bir tarapda Aýnanyň öweý ejesiniň, beýleki tarapda bolsa, Halnazar baýyň keşpleri göz öňüňde janlanýar. Ýatlamalar seni bir-de «Magtymguludan», bir-de «Japbaklardan», ýene bir gezekde «Ýuwaş gelinden» çykarýar. Nurjahanyň eziz käbesidir kyblasy bularda, şeýle-de türkmen kinosynyň arhiwini bezeýän başga-da onlarça filmdäki keşplerde, olar baradaky ýakymly ýatlamalar bolsa ýüreklerde ýaşaýar.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».