Sirk sungaty ussatlara başardýar

3 Awgust 2023
375

Ýurdumyzda russiýaly sirk artistleriniň tomaşalary guralýar

Şu günler paýtagtymyzda Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de Nikuliniň Swetnoý bulwardaky Moskwa sirkiniň artistleriniň tomaşalary yzygiderli guralýar. Şowhunly çykyşlar çagalaryň tomusky dynç alyş döwrüniň gyzykly, täsirli geçmegi, uly ýaşdaky ildeşlerimiziň bolsa medeniýetli, rahat dynç almagy üçin uly mümkinçilik döredýär. Russiýaly artistleriň Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki çykyşlary hem özboluşly häsiýete eýe boldy.

Çaryguly HANJAÝEW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.