Süýt kölüniň önümleri

26 Aprel 2023
974

Gürrüň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, tejribeli telekeçi Berdimuhammet Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky önümhanada alnyp barylýan işler hakda. Halkymyzy ýokary hilli, ekologik taýdan arassa süýt we süýt önümleri bilen üpjün edip gelýän, paýtagtymyzda geçirilýän sergilere gatnaşyp, sergi diwarlyklaryny öz önümleri bilen yzygiderli bezeýän telekeçiniň alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyna tarap ýola düşdük. Hususy telekeçiniň önümhanasy etrap merkezinden daş bolmadyk «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Ýoluň iki tarapyna uzap gidýän gowaçaly hem bugdaýly meýdanlary synlap barşymyza, obanyň çetindäki önümhananyň deňinde saklandyk. Bizi ýaş hünärmen Myrat Möwliýew garşy aldy.

Önümhana daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen bir gektar ýeriň tas ýarysyny eýeläp dur. Onuň öň tarapy giden ýorunjalyk meýdan. Bu ýerde miweli baglar ekilipdir. Çet-gyrakdaky bag nahallarynyň aşagynda ikibir, üçbir adam oturar ýaly, agaç oturgyçlar goýlupdyr. Öz ýanymdan: «Bu ýerde işçiler arakesme wagtynda arassa howadan dem alýan bolsalar gerek. Bahar paslynda bu ýerde oturyp dynç almagyň lezzeti bir başgadyr...» diýip, pikir etdim. Ony duýan ýaly, Myradam gürrüňi dynç alyşdan başlady. Ol:

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.