"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren duşuşyklary

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly wekiliýet agzalary!

Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, hyzmatdaşlyk — sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň rowaçlygynyň binýady

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy Aşgabat — Astana — Aşgabat, 9-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Astana, 9-njy awgust (TDH). Şu gün Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Astana, 9-njy awgust (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki goňşy ýurduň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Halk demokratiýasynyň kämil nusgasy

Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, türkmenler halkyň öňe çykaran, saýlan adamlaryna, il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen garapdyrlar. Çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip sarpalapdyrlar. «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr. Maksat-meýilleri anyk, takyk kesgitlemek, islendik babatda bolşy ýaly, döwlet durmuşynda-da örän möhüm bolmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşinde esasy çelgidir. Şunda Diýarymyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilýän ählihalk forumy möhüm taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr. Halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, häzirki zaman demokratik-hukuk gymmat

Telefon arkaly söhbetdeşlik

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Berkarar döwletimiz döredýär, gurýar

Özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda taryh üçin gysga döwürde durmuşa geçirilen işler, agzybir halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetilen sepgitler kalbyňy buýsanja besleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň 33 ýylyň içinde ýeten derejesine nazar aýlanyňda il-ulsuň jebisliginde neneňsi güýç-kuwwatyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Sanlyja ýylyň içinde dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli tagallalary esasynda halkara giňişlikde özüni kuwwatly döwlet, ylalaşdyryjy merkez, dost-doganlyk mekany hökmünde tanadan Türkmenistan bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna senagat we gurluşyk toplumy hem mynasyp goşant goşýar. Keremli topragymyzyň baýlyklaryny özleşdirmek arkaly gözelligi bilen gözüňi dokundyrýan döwrebap obalar, tutuş şäherler gurulýar. Aşgabat — Aziýanyň merjeni

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýola goýlan hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw  duşuşygy döwletara  gepleşikleriň netijeli formatlarynyň biri  bolup durýar. Şu gün Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna uly ähmiýet berilýär. Ilki bilen, «Akorda» köşgünde sammite gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny Gazagystanyň Prezidenti tarapyndan garşylamak dabarasy boldy. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy geçirildi.

Strategik hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Munuň özi sebit derejesinde strategik hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleriniň kesgitlenilmeginde ähmiýetli wakadyr. Hormatly Prezidentimiz bu ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Bu duşuşyklaryň jemleri köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi bermek bilen, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň bu formatdaky duşuşygynda häzirki döwrüň meselelerini bilelikde çözmek boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürmek, sebitde ýakynlaşmagyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, ulag taslamalary, azyk howpsuzlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar

9-njy awgustda Astana iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan ozal Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýokary derejede ulgamlaýyn syýasy dialogyň ähmiýetine ünsi çekip, sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşmek pikirini öňe sürdi. Häzirki zaman şertlerinde bu konsepsiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar we oňa uly isleg bildirilýär. Merkezi Aziýa sebitiniň diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, ählumumy derejede alnyp barylýan işlerdäki barha artýan ornuny göz öňünde tutup, Türkmenistan döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak hem-de täze giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz ýokary derejede garşylandy. Howa menzili Merkezi Aziýa döwletleriň baýdaklary bilen bezelipdir. Mälim bolşy ýaly, şu gün Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy bolar. Munuň özi dost-doganlyk halklaryň medeni, ynsanperwer, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda asylly ýörelgä eýerýändiklerini alamatlandyrýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy konsultatiw duşuşygy geçiriler

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşyk sebit ýurtlarynyň arasyndaky köptarplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär. Gazak metbugatyndaky habara görä, sammitde “Merkezi Aziýa-2040” atly sebit korporasiýasyny ösdürmek strategiýasynyň kabul edilmegine garaşylýar. Bu resminama Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin işlenip düzüldi.

Köpugurly halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ilerledip

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli dialogyň, dürli formatlarda köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylyň dowamynda bolup geçen wakalar hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mart aýynyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu forum häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň umumy bähbitlere gabat gelýän täze, netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny emele getirýär.