Halk demokratiýasynyň kämil nusgasy

9 Awgust 2024
143

Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, türkmenler halkyň öňe çykaran, saýlan adamlaryna, il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen garapdyrlar. Çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip sarpalapdyrlar. «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.

Maksat-meýilleri anyk, takyk kesgitlemek, islendik babatda bolşy ýaly, döwlet durmuşynda-da örän möhüm bolmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşinde esasy çelgidir. Şunda Diýarymyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilýän ählihalk forumy möhüm taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr. Halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, häzirki zaman demokratik-hukuk gymmatlyklary onuň düýp esasyny düzýär.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar