Berkarar döwletimiz döredýär, gurýar

9 Awgust 2024
207

Özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda taryh üçin gysga döwürde durmuşa geçirilen işler, agzybir halkymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetilen sepgitler kalbyňy buýsanja besleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň 33 ýylyň içinde ýeten derejesine nazar aýlanyňda il-ulsuň jebisliginde neneňsi güýç-kuwwatyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Sanlyja ýylyň içinde dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli tagallalary esasynda halkara giňişlikde özüni kuwwatly döwlet, ylalaşdyryjy merkez, dost-doganlyk mekany hökmünde tanadan Türkmenistan bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna senagat we gurluşyk toplumy hem mynasyp goşant goşýar. Keremli topragymyzyň baýlyklaryny özleşdirmek arkaly gözelligi bilen gözüňi dokundyrýan döwrebap obalar, tutuş şäherler gurulýar.

Aşgabat — Aziýanyň merjeni

«Watan».
Beýleki habarlar