Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary

9 Awgust 2024
368

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy. Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz ýokary derejede garşylandy.

Howa menzili Merkezi Aziýa döwletleriň baýdaklary bilen bezelipdir. Mälim bolşy ýaly, şu gün Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy bolar. Munuň özi dost-doganlyk halklaryň medeni, ynsanperwer, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda asylly ýörelgä eýerýändiklerini alamatlandyrýar.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar