"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamyny, Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. Bu täze dikuçar «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürildi. Täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däpleriniň dabaralanmasy

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Gatnaşyklar ösdürilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Köpçülikleýin sport döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Döwletiň baş baýlygy halkyň saglygynda jemlenýär

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Asylly däbe görä

Ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu baýram uly mana eýe boldy. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şanly seneler, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler ildeşlerimizi bagtyýar ýaşaýşa, döwletimiziň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň öndürijilikli zähmet çekip, kalplarynyň joşmagyna ruhlandyrýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine üns berlip, bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini giňden wagyz etmäge, dürli ýaşdaky adamlary sporta çekmäge uly ähmiýet berilýär. Saglyk gadymy döwürlerde-de, häzirki döwrümizde-de adamzat durmuşynda iň uly baýlyk hasaplanylýar. Bu baýlyga eýe bolan türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimize bolan alkyşly sözlerinden ýürekleri doludyr.

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalanýar

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda täze sepgitler

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürilen täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sagdyn nesli terbiýelemek halkymyzyň gadymy ýörelgesidir

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ir bilen Köpetdagyň gözel gerişlerinden çekilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ýaşlar ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni--ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar

Öňňin Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamy birleşdirdi.

Harby özgertmeleriň möhüm ugurlary

6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garalan bu mejlisde Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli yzygiderlilikde söz berdi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler.

Milli ýörelgelerimiz häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen baýlaşdyrylýar

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady. Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ahalteke bedewi — eýýamlaryň bedewi

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy 5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Watanym asuda, ilim parahat

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek, maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat — ak bagtyň nyşany

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, milli binagärligiň özboluşly sungaty bolan Aşgabat Aziýanyň ajaýyp we owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda kaşaň binalardyr desgalaryň giň toplumy gurlup, ulanmaga berilýär. Olarda milliligiň we häzirki zaman gurluşyk infrastrukturasynyň dünýä tejribesiniň özboluşly sazlaşygy emele gelýär. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutuljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän mermer paýtagtymyz Aşgabadyň, hakykatdan-da, Aziýanyň merjen şäheridigini doly tassyklaýar. Aşgabat — ýurdumyzyň baş şäheri. Ol häzirki wagtda möhüm syýasy we ykdysady merkez hökmünde tanalýar we ösýär. Bu babatda milli Liderimiz: «Aşgabat biziň Watanymyzyň ýüregidir, ýurdumyzyň baş şäheridir, şol ýerde täze başlangyçlar ýüze çykýar we amala aşyrylýar, möhüm döwlet çäreleri durmuşa geçirilýär» diýip belleýär. Bu bolsa iri halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän, umumadamzat bähbitli çözgütleriň kabul edilýän merkezi hökmünde Aşgabadyň halkara abraýynyň has-da uludygyna güwä geçýär.

Döwletli ýörelgeler rowaçlanýar, ýol alýar

6-njy ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy, go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň üç aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­tan­da howp­suz­ly­gy we pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na ola­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek hem-de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň mak­sa­da la­ýyk ula­nyl­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mil­li Li­de­ri­miz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, de­giş­li dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­na söz ber­di. Olar ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň ýan­war — mart aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Ha­sa­bat­la­ryň çäk­le­rin­de ça­gy­ryş bo­ýun­ça ha

Milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanylýan bedewleri synlady. Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.