Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar

11 Aprel 2021
860

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

Bu täze dikuçar «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy boýunça Kazan dikuçar zawody (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) tarapyndan öndürildi. Täze tiz kömek dikuçaryny gözden geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasynda ýerleşen saglygy goraýyş edaralarynyň dikuçar meýdançasyna geldi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar