Asylly däbe görä

9 Aprel 2021
1004

Ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu baýram uly mana eýe boldy. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şanly seneler, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler ildeşlerimizi bagtyýar ýaşaýşa, döwletimiziň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň öndürijilikli zähmet çekip, kalplarynyň joşmagyna ruhlandyrýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine üns berlip, bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini giňden wagyz etmäge, dürli ýaşdaky adamlary sporta çekmäge uly ähmiýet berilýär. Saglyk gadymy döwürlerde-de, häzirki döwrümizde-de adamzat durmuşynda iň uly baýlyk hasaplanylýar. Bu baýlyga eýe bolan türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimize bolan alkyşly sözlerinden ýürekleri doludyr.

«Watan».
Beýleki habarlar