"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Hereket — saglygyň sakasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gün-günden pajarlap ösmegi, her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň üçin hem, biziň her birimiz bu edilýän aladalara öz päk zähmetimiz bilen jogap bermelidiris. Özüňiziň we ýakynlaryňyzyň saglygy üçin aladany hemişe ýaran edinmeli. Saglygyňyzy saklamak, ony goramak ýaly düşünjeleri köpräk bilmeklige çalyşmaly. Saglyga degişli ähli aýdylan zatlary öz gündelik durmuşyňyza öwürmeli. Her bir adam durmuşa höwesli, ruhubelent, köňli päk umytdan doly bolmaga çalyşmaly.

Tanslaryň täsiri

Tans oýnamak, saza kybap hereket etmek saglygy goramagyň, bedeni berkitmegiň ygtybarly usullarynyň biridir. Daşary ýurtly bilermenleriň belleýişleri ýaly, tansyň islendik görnüşi adamyň degna, ýürek-gan damar ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar, oňurganyň gyşarmagynyň öňüni alýar, öýkeniň işleýşini sazlaýar. Şeýle-de adamyň aň hem beden ösüşine, keýpiçaglygyna, şähdaçyklygyna oňyn täsir edýär. Geň ýeri, tanslaryň saglygy berkidiji täsiri betenterbiýe maşklaryna garanda has güýçlüdir. Tans edilende, 1 sagatda 750 kkala çenli beden güýji sarp edilýär. Meselem, çalasyn hereketli tansy ýerine ýetirýäniň sagadyň dowamynda sarp edýän güýji alpinistiň daga dyrmaşýan ýa-da boksçynyň bäsdeşi bilen güýç synanyşýan pursadyndakysy bilen deňdir.

Saç näme üçin dökülýär?

Biz durmuşda şeýle sowala örän köp duş gelýäris. Bu hadysa barada alymlar tarapyndan anyklanan maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik. Saç dökülmeginiň dürli sebäpleri bar. Demir ýetmezçiligi hem-de ganazlyk saç dökülmeginiň iň uly sebäpleriniň biridir. Şeýle-de, gormonal üýtgeşmeler, stres, iýmit we genetika ýaly birnäçe faktorlar hem saç dökülmegine sebäp bolup bilýär. Esasan-da, stres saçyň ösüşiniň haýallamagyna we dökülmegine zyýan ýetirip bilýär.

Peýdaly maslahatlar

Gyş paslynda möwsümleýin döreýän wirusly ýiti respirator kesellerden ägä bolmaly. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglyk üçin peýdaly maslahatlar

♦Işjeň hereketde bolmak, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmak, stres ýagdaýlaryndan gaça durmak arkaly immun ulgamyny berkitmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, sport bilen meşgullanmak — bularyň ählisi dürli kesellerden goranmagyň iň netijeli we wajyp usullarydyr. ♦Elleri ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde-de saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli düzümleri keselleriň öňüni alyş we bejeriş enjamlary, dermanlyk serişdeleri, kämil tehnologiýalar bilen doly üpjün edildi. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri merkezinde hem ilata lukmançylyk kömegini bermegiň täze görnüşleri döredilip, olardan netijeli peýdalanylýar. Merkezde urologiýa we nefrologiýa ýaly ugurlara degişli innowasiýalar ornaşdyrylyp, bejeriş usullary halkara tejribelere laýyklykda alnyp barylýar. Halkara iç keselleri merkeziniň urologiýa bölümi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary derejeli lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylyp, näsaglara hyzmat etmegiň häzirki zaman bejeriş we operasiýadan soňky dikeldiş çäreleriniň toplumy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bölümde böwrek, peşew çykaryş ýollaryna, dürli beden agzalaryna degişli kesellere konserwatiw, endoskopik, laparoskopik we açyk operasiyalaryň üsti bilen ýokary derejede barlag hem bejeriş işleri geçirilýär.

Lukmanyň maslahaty

Çagalarda üsgülewügiň öňüni alyş çäreleri Üsgülewük — bu köp kesellerde, esasan hem, dem alyş ulgamynyň kesellerinde ýygy-ýygydan ýüze çykýan alamatlaryň biridir. Bu kesel alamaty şeýle hem nerw dartgynlylygynda (aşa tolgunmakda ýa-da begenmekde), allergik kesellerde, dem alyş ýollaryna del zadyň (tozan, tüsse, ösümlik tozgalary) düşmeginde ýüze çykyp bilýär. Kiçi ýaşly (1 ýaşa çenli) çagalar, köplenç, haýsy hem bolsa bir zady «barlamak» maksady bilen agzyna salyp ýuwdanda ýa-da burun boşlugyna salanda ýüze çykýar.

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Bedeni kuwwatlandyrýan 5 önüm

Sarymsak — ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, damarlary arassalaýar, inçekesel taýajyklaryny ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär. Düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Buýan köki

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda buýan köküniň halk lukmançylygynda ulanylyşy, kesellere garşy immun durnuklylygy berkidýändigi, sowuklamany, bronh demgysmasyny bejerýändigi barada gymmatly maglumatlar bar. Buýan köküniň düzüminde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, sakyz we krahmal, mineral duzlar bolan demir, selen, marganes, kaliý saklanýar. Ösümlik barada Ibn Sinanyň işlerinde hem bellenilip, esasan-da, onuň gakylyk goparyjy, ýeňil gowşadyjy, bedeni ýaşardyjy täsiri teswirlenipdir. Buýanyň keselleri bejermekde, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakda, saglygy dikeltmekde oňaýly täsiri bar. Onuň Türkmenistanda dört görnüşi duş gelýär. Ösümligiň, esasan-da, köki dermanlyk, şypa beriji serişde hökmünde ulanylyp, il arasynda ol «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar. Gyş-güýz möwsümlerinde hem-de pasyllaryň çalşygynda buýan köküni we ondan taýýarlanan melhemi ulanmak ähmiýetlidir. Häzirki wagtda buýan kökünden alnan ekstraktlaryň esasynda derman öndürýän kärhanalar bejeriş netijelilige hem-de biologiki işjeňlige eýe bolan dermanlary öndürýärler.

Sagdyn jemgyýet — bagtyýar durmuş

Ilatyň jan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselesi döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlary, bu pudagyň öňünde durýan maksatlar, strategik wezipeler her bir watandaşymyzyň beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagyny, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegini, sport bilen meşgullanmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak hem-de dürli keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň kepili bolan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Geçen ýylyň aýagynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi. Forumyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ähli halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu forumda ýaşlaryň ähli ugurlarda ýurduň ösüşine goşýan goşandy dürli bölümçeler boýunça ýaýbaňlandyryl

Saglyk — baş baýlyk

Gyş paslynda howanyň sowamagy möwsümleýin keselleriň döremegine sebäp bolup biler. Olardan goranmak üçin kesele garşy durnuklylygyň, ýagny immunitetiň ýokary bolmagy zerur. Muny gazanmak üçin bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Immunitetiňizi ýokarlandyrmak üçin hökman askorbin turşusyna baý içgileri, miwe şirelerini içiň. Olara bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri degişlidir. Günüň dowamynda kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini iýmek maslahat berilýär.

Saglygymyz özümize bagly

— Gyş paslynda howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. — Açyk arassa howada gezelenç etmeli.

Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär

Ýakynda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşi bilen bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 39-njy orta mekdepde «Saglygym — baş baýlygym» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen sözlerinden ugur alyp geçirilen duşuşyga bilim ulgamynyň işgärleri hem-de şäher saglyk öýüniň lukmanlary gatnaşdy. Bu ýerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigini, bu ugurda umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan melhemlik çaýlarynyň adam saglygyna peýdasy barada giňişleýin gürrüň edildi.

Sagdynlyk kadalary…

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak saglyk üçin örän peýdaly; Iýmitlenişiňe üns bermeli. С witaminine — askorbin turşusyna baý miweleri, gök önümleri köpräk iýmeli;

Ynsan ömrüniň bezegi

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatynyň çäklerinde berk bedenli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň esasy wezipeleriniň biridir. Bu wezipäni durmuşa geçirmek saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryna we zähmetine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda bahasyna ýetip bolmajak işler amala aşyrylýar. Saglyk — ähli gowulyklaryň sakasy, ynsan ömrüniň bezegi. Beden hem-de ruhy saglygyny goramak her bir adamyň borjudyr. Jany sag adam zähmet çekmäge, oýlanmaga, jemgyýetde öz ornuny tapmaga, il-gün, Watan üçin ähmiýetli işleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak

Ýiti respirator ýokanç keselleriň howa-damja ýollary bilen ýokuşýandygyny nazara alyp, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde her gün irden burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli. Kesel bedeniň gyzgynynyň galmagy, asgyrma, üsgürme, dem gysma, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Şonda näsag adam köpçülik ýerlerine barmakdan saklanmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Öý şertlerinde lukmanyň bejergisini talabalaýyk berjaý etmeli. Buýan kökünden, narpyzly, ary bally we limonly, ýer tudananyň mürepbesi goşulan melhem çaýlary, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş tagamy has-da peýdalydyr. Öý we iş otaglarynyň howasyny üzärlik ösümligini peýdalanyp tämizlemeli.

Sag­dyn durmuşyň berk bin­ýa­dy

«7/24. tm» № 02 (189), 08.01.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýaş­la­ryň hü­när saý­la­ma­gy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne uý­mak­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Ynsan saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna hem-de durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala durmuşy, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuş keşbine, gysgaça, sagdyn durmuş ýörelgesi diýilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek arassaçylygyň kadalaryny doly hem dogry berjaý etmekden başlanýar. Dogry iýmitlenmek ynsan ömrüniň iň wajyp meseleleriniň biridir. Bu düzgün adam bedeni üçin zerurlykdyr. Ol ynsan bedeninde bolup geçýän öwrülişigiň sazlaşyklylygynyň saklanmagyna ýardam berýär. Fiziki we ruhy täsirler wagtyň geçmegi bilen diňe bir beýniniň däl, bütin bedeniň işjeňligini peseldip bilýär.

BA­LYK — sag­dyn­ly­gyň hem­ra­sy

Biziň saglygymyz dogry iýmitlenmegimiz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ýokumly maddalara baýlykda balyk etiniň orny uludyr. Balygyň adam saglygyna peýdasy barada Lukman hekim öz ylmy ýazgylarynda belläp geçipdir. Şonda ol göwresi kiçiräk balyklaryň we deňiz balyklarynyň has peýdalydygyny aýratyn nygtapdyr. Nerw dartgynlylygyndan yzygiderli ejir çekýänlere-de balyk iýmegi maslahat beripdir. Ol: «Ähli balyklaryň çorbasy aşgazany ýumşadýar» diýip hemişe nygtapdyr. Deňiz balyklary süýji suwdaky balyklara garanda has ýagly, omega-3, 6 maddalaryna we antioksidantlara baý bolýar. Bu balyklar aşgazanasty mäz üçin peýdaly bolan ýoda-da has baýdyr.