Buýan köki

9 Ýanwar 2024
687

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda buýan köküniň halk lukmançylygynda ulanylyşy, kesellere garşy immun durnuklylygy berkidýändigi, sowuklamany, bronh demgysmasyny bejerýändigi barada gymmatly maglumatlar bar. Buýan köküniň düzüminde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, sakyz we krahmal, mineral duzlar bolan demir, selen, marganes, kaliý saklanýar. Ösümlik barada Ibn Sinanyň işlerinde hem bellenilip, esasan-da, onuň gakylyk goparyjy, ýeňil gowşadyjy, bedeni ýaşardyjy täsiri teswirlenipdir.

Buýanyň keselleri bejermekde, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakda, saglygy dikeltmekde oňaýly täsiri bar. Onuň Türkmenistanda dört görnüşi duş gelýär. Ösümligiň, esasan-da, köki dermanlyk, şypa beriji serişde hökmünde ulanylyp, il arasynda ol «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar. Gyş-güýz möwsümlerinde hem-de pasyllaryň çalşygynda buýan köküni we ondan taýýarlanan melhemi ulanmak ähmiýetlidir. Häzirki wagtda buýan kökünden alnan ekstraktlaryň esasynda derman öndürýän kärhanalar bejeriş netijelilige hem-de biologiki işjeňlige eýe bolan dermanlary öndürýärler.

Ogulsadap DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar