Il saglygy — ýurt baýlygy

10 Ýanwar 2024
565

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde-de saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli düzümleri keselleriň öňüni alyş we bejeriş enjamlary, dermanlyk serişdeleri, kämil tehnologiýalar bilen doly üpjün edildi. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri merkezinde hem ilata lukmançylyk kömegini bermegiň täze görnüşleri döredilip, olardan netijeli peýdalanylýar. Merkezde urologiýa we nefrologiýa ýaly ugurlara degişli innowasiýalar ornaşdyrylyp, bejeriş usullary halkara tejribelere laýyklykda alnyp barylýar.

Halkara iç keselleri merkeziniň urologiýa bölümi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary derejeli lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylyp, näsaglara hyzmat etmegiň häzirki zaman bejeriş we operasiýadan soňky dikeldiş çäreleriniň toplumy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bölümde böwrek, peşew çykaryş ýollaryna, dürli beden agzalaryna degişli kesellere konserwatiw, endoskopik, laparoskopik we açyk operasiyalaryň üsti bilen ýokary derejede barlag hem bejeriş işleri geçirilýär.

Allaberen ALLANAZAROW,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri merkeziniň maslahat beriş-keseli anyklaýyş bölüminiň urolog lukmany.
Beýleki habarlar