Ynsan ömrüniň bezegi

8 Ýanwar 2024
689

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatynyň çäklerinde berk bedenli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň esasy wezipeleriniň biridir. Bu wezipäni durmuşa geçirmek saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryna we zähmetine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda bahasyna ýetip bolmajak işler amala aşyrylýar.

Saglyk — ähli gowulyklaryň sakasy, ynsan ömrüniň bezegi. Beden hem-de ruhy saglygyny goramak her bir adamyň borjudyr. Jany sag adam zähmet çekmäge, oýlanmaga, jemgyýetde öz ornuny tapmaga, il-gün, Watan üçin ähmiýetli işleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Abat GURBANOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar