''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Röwşen geljegimiziň kämilligi ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar. Geljegimiziň ýagty hem-de nurana ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimize bilim hem-de terbiýe bermek bilen bagly jogapkärli işlerde bilim işgärleri yhlaslaryny gaýgyrman, ýokary derejede öndürijilikli zähmet çekýärler. Hut şonuň netijesinde hem türkmen ylmy, bilimi täze basgançaklara çykyp, uly ösüşlere eýe bolýar, bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady mäkäm tutulyp, ol halkyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ylym-bilim ulgamy, galyberse-de, ýaş nesiller baradaky mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki ajaýyp

Ylmy-barlag institutynyň täze binasy

Öňňin paýtagtymyzda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi. Aşgabat şäheriniň Bekrewe köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Kämil ymarat» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze binanyň umumy meýdany 1,5 gektara deň. Ol ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşmekde möhüm orna eýedir.

Innowasion tehnologiýalar — ösüşe tarap ýol

Eziz Diýarymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Biziň zähmet çekýän ylmy-önümçilik merkezimiz hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa biziň alyp barýan işlerimiziň ýokary derejesini üpjün edýär. Bilşimiz ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly mag

Geçmişdäki belli türkmen lukmanlary

Adamzadyň umumy mirasy bolan ylmyň ösmegine mynasyp goşandyny goşan alymlaryň hatarynda türkmenleriň geçmişde ýaşap geçen tanymal lukmanlaryny bellemek gerekdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda: «Türkmen lukmançylygynyň milli mirasynyň köklerini goýup giden beýik şahsyýetleriň ömrüni, hünär döredijiligini, ylmy mirasymyzy öwrenmek biziň nesillerimiziň mukaddes borjudyr» diýen sözlerinden belli bolşy ýaly, geçmişde uly yz galdyran lukmanlaryň, tebip alymlaryň ömri we lukmançylykda bitiren hyzmatlaryny giňişleýin öwrenmek, olar dogrusynda maglumatlary toplamak bu günki nesliň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmeniň belli lukmanlary Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Abu Sähl ibn Ýahýa al-Masihi Jürjany, Omar Çagmini, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmeni, Seýit Ysmaýyl Jürjany, Ahmet ibn Muhammet ibn Taýýyp Sarahsy, Aly Ahmet Nesewi ýaly alymlaryň atlaryny buýsanç bilen ýatlamalydyrys. Abu Sähl ibn Ýahýa al-Masihi Jürjany X-XI asyrlarda ýaşap geçen belli alymdyr. Bu görnükli şahsyýet Hazar deňziniň günorta-gündogaryndaky Gürgen (Jürjan) şäherinde doglupdyr. Gürgende, Bagdatda, soňra Horezmde Abul Apbas Mäminiň köşgünde işläp, Köneürgençde ýaşapdyr. «Lukmançylyk boýu

Ylmy gözlegler, oňyn netijeler

Gowaça süýüm alynýan oba hojalyk ekinleriniň arasynda iň ähmiýetlisi bolup, ol ýurdumyzyň ähli welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gowaça çigidinden mallar üçin iým we azyk önümçiliginde giňden ulanylýan ýag alynýar. Gowaça çöpi hem senagat ähmiýetlidir. Ýaňy-ýakynda institutymyzyň halypa mugallymy, tejribeli himiýaçy Taýyr Mämedow bilen köp synanyşyklardan soň gowaça çöpünden «furfurol» atly himiki birleşmäni almagy başardyk. Munuň üçin ilki gowaça çöpüniň düzümini seljerdik we onda sellýulozanyň, ligniniň, geksozanlaryň, pentozanlaryň we kül emele getiriji maddalaryň bardygyny anykladyk. Netijede pentozana beýleki himiki serişdeler bilen kükürt kislotasyny goşup, ony gaýtadan işläp, furfuroly alyp bolýandygyny tejribe arkaly ýüze çykardyk. Furfurol senagatda öndürilýän himiki birleşme bolup, ony dürli oba hojalyk ekinleriniň galyndylaryndan, şol sanda gowaça çöpünden hem öndürmek mümkindir. Furfurol we onuň furan spirti ýaly önümler gaty smolalary, aýna süýümlerini almakda we mineral dökün hökmünde ulanylýar. Onuň düzümi seljerilende, gowaça çöpünden alnan furfurolyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi anyklanyldy. Geljekde furfurolyň önümçiliginiň giň gerimde ýola goýulmagy ýurdumyzyň önümçilik binýadyny has-da ýokarlandyrmaga we ga

Gujurly ýaşlar we döwrüň keşbi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary» atly sergi açyldy. Sergide bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň we talyplarynyň döredijilik işleri görkezildi. Bu bolsa zehinli ýaşlaryň şu ýyl ylmy döredijilikde, halkara ders we döwlet bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň üstüni ýetirdi. Her ýylyň dekabrynda geçirilýän sergide ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen iň gowy eserler görkezilýär. Bu ýylky sergide şekillendirişiň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça döredilen eserleriň hem-de sungaty öwrenijileriň taýýarlan kitapçalarynyň temasy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäherine, şeýle-de Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlandy.

Ylym — gymmatly baýlyk

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesle bilim we terbiýe bermek bilen olaryň giň gözýetimli bolup ýetişmeklerinde ähli zerur şertler döredilendir. Ýaş nesle ähli ugurlaryň, öwredilýän dersleriň gyzykly bolmagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Matematika sapagy hasaplama sapagy bolup, ol ýaş nesliň ýatkeşligini, dünýä akyl ýetirijilik ukybyny ösdürmäge, özbaşdak döredijilik işini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Şonuň üçin ýaşlar uly höwes bilen berlen mysallary çözmäge, alan bilimlerini çuňlaşdyrmaga ymtylýarlar. Matematika — dünýäde iň gadymy ylymlaryň biridir. Ol düýpli ylymdyr. Matematika grek sözünden gelip çykyp, «öwrenmek, ylym, bilim» diýen manylary berýär. Matematika sanlar, ululykly gatnaşyklar we giňişlik formalary baradaky ylym hasaplanylýar. Hakykatda matematika bilimleriň we dünýädäki ähli tehniki serişdeleriň, enjamlaryň esasynda ýatan ylymdyr. Meselem, matematika fizikanyň esasydyr we dünýädäki bolup geçýän ähli fiziki hadysalar matematiki formulalaryň kömegi bilen ýazylýar. Orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde matematikanyň, biraz soňra bolsa algebranyň öwredilmegi ýöne ýerden däldir. Häzirki zaman programmalaşdyrma dilleriniň esasynda matematika we matematiki analiziň formulalary ýatandyr.

Ylmy işgärler pikir alyşdylar

24-nji noýabrda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda Günbatar Türkmenistan sebiti boýunça nebitiň, gazyň we kondensatyň çykarylyşyny ýokarlandyrmagyň meselelerine bagyşlanyp, «Ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmagyň ýollary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň we ýaş hünärmenleriniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi.

Ýaşlar — bagtyýar geljegi gurujylar

Türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Bilimli, gujurly, bagtyýar nesil

Berkarar döwletimizde uly üstünliklere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini artdyrmak maksady bilen beýik özgertmeler amala aşyrylyp, giň gerimli işlere badalga berildi. Döwlet syýasatymyzdan ugur alýan bu ugurda bellenilenleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, şu günler biziň ýokary okuw mekdebimizde hem dürli sport ýaryşlary, ders bäsleşikleri we aýdym-sazly medeni çäreler yzygiderli guralýar. Dürli dersler boýunça talyplaryň arasynda guralýan ders bäsleşikleri ýaşlaryň bilim derejelerini anyklamaga, olaryň bilimleri kämil derejede ele almaklaryna giň mümkinçilik döredýär. Geçirilýän sport ýaryşlary bolsa talyplaryň sporta bolan höwesini artdyrýar. Biz — ýaşlara her bir işde nusgalyk görelde görkezýän we halkymyzy giň mümkinçilikleriň gurşawynda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Ylym — bagtyň açary

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge we  ökde hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Sebäbi ylym-bilim bilen üstünlikli hem ýeňişli ýollar geçilýär. Hut şonuň üçinem ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak baradaky işler munuň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda konsepsiýalaryň, maksatnamalaryň kabul edilmegi we düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ylym-bilim ulgamynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň, bilimiň we sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçilikleri ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşine gönükdirilýär. Bilşimiz ýaly, innowasion tehnologiýalar we sanly ykdysadyýet ylmy esaslara daýanýar. Şol sebäpli hem ýurdumyzyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, sanly maglumatlar goruny döretmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 20

Nebitgaza geljegi bolan gurluşlary takyk öwrenmek

Gündogar Türkmenistanda köp sanly uly möçberli üsti açylan gazly we gazkondensatly känleriň hataryna degişli bolan «Galkynyş», Bagaja, Kerpiçli, Gazlydepe, Ýaşyldepe we başgalar ýokary sygymly, organiki gelip çykyşly karbonat formasiýasyndaky gurluşlar bilen baglydyr. Şonuň üçin öwrenilýän meýdançalaryň ýerleşiş şertleri we ölçegleri (meýdany, amplitudasy we ş.m.) boýunça ünsi çekýän gurluşlary ýüze çykarmak we jikme-jik öwrenmek maksady bilen, geljekli gurluşlarda ähli bar bolan seýsmobarlag işleriniň maglumatlarynyň häzirki zaman programma üpjünçiliklerini ulanmak arkaly täzeden teswirlemesini (interpretasiýasyny) geçirmek esasy wezipeleriň biridir. Olaryň hataryna Mergen we Go. Mergen gurluşlary hem degişli bolup, öňki 60-njy, 70-nji we 80-nji ýyllardaky geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň maglumatlarynyň doly täzeden seredilmegine hem-de seljerilip, netije çykarylmagyna degişli hasaplap bolar.

Halypa hormaty

Nebitgaz pudagynda uly işler bitirip, saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypalaryň biri hem görnükli alym, geolog, ylmyň we önümçiligiň başarjaň guramaçysy Ýagşymyrat Hojagulyýewdir. Ýagşymyrat Hojagulyýew bary-ýogy 51 ýaşapdyr. Ol 1936-njy ýylyň 23-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda doglan. Ol barada arhiw maglumatlaryna ser salanyňda, juda kän işleri bitirendigine göz ýetirip bolýar. Ussat geolog 1973-nji ýylda geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, 1975-nji ýylda professor, 1981-nji ýylda TSSR YA-nyň habarçy agzasy bolupdyr. 1983-nji ýylda Döwletabat — Dönmez gazkondensat ýatagynyň açylmagy üçin oňa Ylym we tehnika boýunça SSSR-iň Döwlet baýragynyň laureaty diýen hormatly at berlipdir.

Zehinli talyplaryň üstünlikleri

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen internet olimpiadasyna dünýä döwletleriniň 24-sinden talyplaryň 600-e golaýy gatnaşdy. Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde, şol sanda, şahsy bäsleşik A we B derejelerde geçirildi. A derejede himiýa hünäri boýunça okaýan talyplar, B derejede bolsa himiýa hünäri okadylmaýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary özara bäsleşdiler.

Ylmy mümkinçilikleriň merkezi

Oba hojalygynyň dürli ugurlarynyň ösen gadymy mekany bolan Arkadag şäherinde döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörediljekdigi hakyndaky hoş habar ähli ildeşlerimiziň kalbyna ruhubelentlik şuglasyny çaýdy. Mälim bolşy ýaly, 16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanan taslamalary bilen tanyşmagy taryhy waka boldy.

Innowasion tejribeler — öňegidişligiň baş şerti

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistanda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekip: «Bu gün ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudaklaýyn we pudagara ylmy guramalarda ylma, döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi» diýip belledi. Munuň şeýledigine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Uniwersitetimiziň Innowasiýa ylmy-okuw merkezi 2013-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär we 2019-njy ýylyň iýunynda onuň Balkanabat şahamçasy döredildi. Doly hojalyk hasaplaşygy, öz-özüni maliýeleşdirmek we ödemek ýörelgelerinde iş alyp barýan merkez Türkmenistanyň Bilim hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ygtyýarnamalary esasynda hereket edýär. Onuň çäginde ýokary okuw mekdepleriniň talypl

Gaz we gazkondensat guýularynda kislota bilen tijendiriş işlerini geçirmekligiň esaslary

Burawyň häzirki zaman tehnologiýalary ýokary temperaturaly has çuň gatlaklary açmaklyga mümkinçilik berýär, şular ýaly ýagdaý hapalanan (kolmatirlenen) kollektory kislota bilen arassalamagyň usullarynyň üstünde işlemegi we kämilleşdirmegi talap edýär. Şunuň ýaly guýularda kislota bilen işleriň howpsuz ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmek üçin ýokary temperaturanyň döredýän täsirlerini öwrenmek zerur bolup durýar. Ylmy edebiýatlaryň derňewleri geçirilip, ýokary temperaturaly guýularda gatlaklary kislota bilen işläp bejermekde döreýän esasy meseleler we kemçilikler ýüze çykaryldy. Şol sanda aşakdaky meseleler: kislotanyň çalt bitaraplaşmagy, çökündi emele gelmäniň intensiwligi, demriň poslama prosesiniň çaltlaşmagy, şeýle hem kislotaly erginleriň termodurnuklylygynyň çäkleri Gündogar Türkmenistanyň gaz we gazkondensat ýataklarynyň mysalynda seredildi.

Innowasion ulgamyň mümkinçilikleri

Tehnologiýalaryň okgunly ösýän zamanasynda sportuň dürli görnüşlerinde innowasiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Şeýle tehnologiýalar serişdeleri we wagty tygşytlamaga, çözgütler kabul edilende adam şertini peseltmäge mümkinçilik berýär. Dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň biri bolan tennisde «Electronic Line Calling Live» (ELC Live) ulgamynyň meşhurlygy artýar. Ilkinji gezek 2017-nji ýylda Milanda guralan tennis ýaryşynda synag edilen bu ulgam soňky ýyllarda beýleki birnäçe ýaryşlarda hem adaty eminler bilen bilelikde peýdalanylyp, netijeliligini subut etdi.

Maksada — myrat

Gurbannazar Ezizowyň sungat baradaky goşgusyny bilmeýänimiz az-azdyr. «Ele keser alyp» döredilen her bir zadyň sungat däldigini her birimiz bilýäris. Edil şonuň ýaly sungat eserini hem şol ugurda hünärmen bolmasagam aňşyrýarys. Sungat päklige, gözellige söýgi döredip bilende sungatdyr. «Lokga daşdan» sungat döretmek üçin bolsa, «mydama öz-özümizi ýonup ýörmelidigini» aýdan şahyr müň keren mamla. Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Maksatmyrat Kanyýewiň işleri bolsa şolar ýaly jogapkärçiligiň hötdesinden gelip bilýän işler. Şeýle bolansoň, ýakynda Maksatmyradyň işlerine ýene-de bir «berekella» berildi.

Biziň ruhy baýlygymyz

Egsilmez çeşmäniň gözbaşy Ajap eýýamymyzda Garaşsyz döwletimizde ilata edilýän kitaphana hyzmaty hil taýdan täze derejelere çykarylýar. Kitaphanalaryň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Muňa mysal edip, Mary şäheriniň merkezinde gurlan welaýat kitaphanasynyň gözel binasyny ýatlamak bolar. Şeýle hem kitaphanalaryň kitap gorlary ýylsaýyn baýlaşdyrylýar. Kitap — ylym-bilimiň, aň-düşünjäniň egsilmez çeşmesi bolmak bilen, ol adamyň dosty, ýakyn maslahatçysydyr. Hut şeýle bolansoň, dana pederlerimiz “Bir okana bar, birem dokana” diýen pähime eýeripdirler.