Ylym — gymmatly baýlyk

5 Dekabr 2023
1306

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesle bilim we terbiýe bermek bilen olaryň giň gözýetimli bolup ýetişmeklerinde ähli zerur şertler döredilendir. Ýaş nesle ähli ugurlaryň, öwredilýän dersleriň gyzykly bolmagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Matematika sapagy hasaplama sapagy bolup, ol ýaş nesliň ýatkeşligini, dünýä akyl ýetirijilik ukybyny ösdürmäge, özbaşdak döredijilik işini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Şonuň üçin ýaşlar uly höwes bilen berlen mysallary çözmäge, alan bilimlerini çuňlaşdyrmaga ymtylýarlar.

Matematika — dünýäde iň gadymy ylymlaryň biridir. Ol düýpli ylymdyr. Matematika grek sözünden gelip çykyp, «öwrenmek, ylym, bilim» diýen manylary berýär. Matematika sanlar, ululykly gatnaşyklar we giňişlik formalary baradaky ylym hasaplanylýar. Hakykatda matematika bilimleriň we dünýädäki ähli tehniki serişdeleriň, enjamlaryň esasynda ýatan ylymdyr. Meselem, matematika fizikanyň esasydyr we dünýädäki bolup geçýän ähli fiziki hadysalar matematiki formulalaryň kömegi bilen ýazylýar. Orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde matematikanyň, biraz soňra bolsa algebranyň öwredilmegi ýöne ýerden däldir. Häzirki zaman programmalaşdyrma dilleriniň esasynda matematika we matematiki analiziň formulalary ýatandyr.

Maksat REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar