Zehinli talyplaryň üstünlikleri

24 Noýabr 2023
915

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen internet olimpiadasyna dünýä döwletleriniň 24-sinden talyplaryň 600-e golaýy gatnaşdy.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde, şol sanda, şahsy bäsleşik A we B derejelerde geçirildi. A derejede himiýa hünäri boýunça okaýan talyplar, B derejede bolsa himiýa hünäri okadylmaýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary özara bäsleşdiler.

Mahym ROZYÝEWA.
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar