Innowasion ulgamyň mümkinçilikleri

17 Noýabr 2023
726

Tehnologiýalaryň okgunly ösýän zamanasynda sportuň dürli görnüşlerinde innowasiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Şeýle tehnologiýalar serişdeleri we wagty tygşytlamaga, çözgütler kabul edilende adam şertini peseltmäge mümkinçilik berýär.

Dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň biri bolan tennisde «Electronic Line Calling Live» (ELC Live) ulgamynyň meşhurlygy artýar. Ilkinji gezek 2017-nji ýylda Milanda guralan tennis ýaryşynda synag edilen bu ulgam soňky ýyllarda beýleki birnäçe ýaryşlarda hem adaty eminler bilen bilelikde peýdalanylyp, netijeliligini subut etdi.

Kowusberdi Garaýew,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar