''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

84 ýyl­dan soň gaý­ta­ryl­dy

1939-njy ýy­lyň 26-njy de­kab­ryn­da ki­tap­ha­na­dan al­nan Ar­tur Ko­nan Doý­luň «Sür­gün­ler» ro­ma­ny­nyň fin di­lin­dä­ki ter­ji­me­si 84 ýyl­dan soň Hel­sin­ki­dä­ki Oodi ki­tap­ha­na­sy­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­di. Ki­ta­by ka­bul eden ki­tap­ha­na­çy Ha­neý Strand, şu ça­ka çen­li şeý­le giç ge­ti­ri­len ki­ta­by alyp gör­män­di­gi­ni aýt­dy. Ki­ta­by yzy­na gaý­ta­ryp be­ren bi­len oky­jy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk bol­sa, nä­bel­li­li­gi­ne gal­dy.

To­mus­da okal­ma­ly ki­tap­la­ry mas­la­hat ber­di

«Micro­soft» kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy, mil­li­ar­der Bill Geýts to­mus­da oka­mak üçin her ýyl­ky ki­tap sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Geýts ki­tap­la­ryň her bi­ri­niň ýa­ny­na mas­la­hat be­riş hat­la­ry­ny hem goş­dy. Sa­na­wa te­le­ke­çi­niň pi­ki­ri­çe, öz­ge­le­re kö­mek ed­ýän­le­riň ýag­şy ni­ýet­le­ri, ola­ryň ýüz­be-ýüz bol­ýan kyn­çy­lyk­la­ry, şeý­le işiň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da pi­kir­len­mä­ge mej­bur ed­ýän eser­ler gir­di. Geýt­siň dü­zen sa­na­wyn­da şu ki­tap­la­ryň üs­tün­de dur­lup ge­çil­ýär. Kris­tin Han­na­n, «Ze­nan­lar»: Wýet­nam­da­ky sö­weş­le­ri ba­şyn­dan ge­çi­ren şe­pa­gat uýa­sy hak­da­ky roman. «Bu ba­şyn­dan ge­çi­ren gü­zap­la­ry üçin yk­rar edil­mä­ge my­na­syp bo­lan we­te­ran­la­ra goý­lan aja­ýyp hor­mat­dan ny­şan­dyr».

Elektron abuna ýazylyşy dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda sanly ulgamyň üsti bilen dürli tölegleri tölemek, ýol peteklerini satyn almak mümkin. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, neşirýat ulgamynyň işine hem sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda çap edilýän islendik gazet-žurnallary «Türkmenmetbugat» mobil goşundynyň üsti bilen okamak, günübirin bolup geçýän täzeliklerdir, hoş habarlar bilen tanyşmak mümkin. Ykjam el telefonlarynyň üsti bilen islendik wagtda gazet-žurnallary okamaga, olaryň «pdf» görnüşini ýükläp, gyzykly maglumatlary almaga ähli mümkinçilikler döredilen. Elektron abuna ýazylyşygyna TKA-nyň etrap birleşmesiniň  işgärleri, işjeň agzalary uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şu günler gazet-žurnallaryň elektron görnüşine abuna ýazylyşygy gyzgalaňly dowam edýär.

Tar­kows­ki­niň gy­zy ara­dan çyk­dy

11-nji iýun­da bel­li so­wet rus şa­hy­ry Ar­se­niý Tar­kows­ki­niň gy­zy we re­žiss­ýor And­reý Tar­kows­ki­niň aýal do­ga­ny Ma­ri­na Tar­kows­ka­ýa 89 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Ma­ri­na Tar­kows­ka­ýa Mosk­wa­nyň döw­let uni­wer­si­te­ti­niň fi­lo­lo­gi­ýa fa­kul­te­ti­niň ro­man-ne­mes dil­le­ri bö­lü­mi­niň ag­şam­ky bö­lü­min­de oka­dy. Il­ki «Russ­kiý ýa­zyk» ne­şir­ýa­tyn­da kor­rek­tor, soň bol­sa re­dak­tor bo­lup iş­le­di. Ol «Aý­na­nyň bö­lek­le­ri», «Ar­se­niý Tar­kows­kiý: se­tir­le­riň ara­syn­da me­niň yk­ba­lym köý­di», «And­reý ba­ra­da­ky ýat­la­ma­la­r», «In­di bi­ziň tä­ze sal­gy­myz bar» ýa­ly ka­ka­sy we do­ga­ny ba­ra­da­ky ýat­la­ma­lar ki­tap­la­ry­nyň aw­to­ry­dyr. Ma­rina Mosk­wa­da «Tar­kows­ki­niň öýi» mu­ze­ýi­niň dö­re­dil­me­gi ug­run­da ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­man­dy.

Oňaý­ly pur­sat

Ýaş ýi­git babasyndan mas­la­hat al­mak mak­sa­dy bi­len olara myh­man­çy­ly­ga bar­ýar. Olar çaý-na­har edi­nen­le­rin­den soň, ag­ty­gy ba­ba­sy­na ýüz­le­nip: – Ba­ba, si­ziň bi­len bir mas­la­ha­tym bar. Me­niň dost­la­ry­myň bi­ri ze­hin­li prog­ram­ma­çy. Ol ma­ňa bi­le­lik­de in­ter­net ul­ga­my bi­len bag­la­ny­şyk­ly biz­nes aç­ma­gy tek­lip et­di. Bil­şi­ňiz ýa­ly, men oňat hü­när­men, eý­ýäm bir ýyl bä­ri ýo­ka­ry aý­lyk­ly mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy kom­pa­ni­ýa­syn­da iş­le­ýä­rin. Ine, gör­şü­ňiz ýa­ly, go­laý­da aw­tou­lag hem edin­dim. Men bir ta­rap­dan, biz­ne­si­mi­ziň ug­ru­na bo­lup git­je­gi­ne ynan­man hem du­ra­mok, ýö­ne beý­le­ki bir ta­rap­dan hem dü­şe­wünt­li işi­mi ýi­ti­re­sim ge­le­nok. Siz nä­hi­lem bol­sa, öz wag­tyn­da işe­wür­lik bi­len meş­gul­la­nan adam, bu ugur­dan tej­ri­bä­ňi­ziň az däl­di­gi­ni bil­ýän. Bel­ki, siz ma­ňa nä­me et­me­li­di­gi­ni mas­la­hat be­rer­si­ňiz?!

To­mus pas­ly­nyň gy­zyk­ly güý­men­je­si: Siz ýü­züp bil­ýä­ňiz­mi?

To­mus pas­ly­nyň do­wam edýän gün­le­rin­de ser­gin­le­mek hem-de wag­ty­my­zy has-da şa­dy­ýan ge­çir­mek üçin iň gy­zyk­ly güý­men­je­le­riň bi­ri hem ýüz­mek bol­sa ge­rek. De­ňiz ke­na­ryn­da, ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de ýö­ri­te ho­wuz­lar bo­lup, bu ýer­ler­de ça­ga­lar üçin ýüz­mä­ge müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len. Şeý­le hem paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da suw-sport des­ga­la­ry bo­lup, ol ýer­ler­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen ho­wuz­lar­da is­leg bil­dir­ýän­le­re ýüz­me­giň düz­gün­le­ri öw­re­dil­ýär. Ýüz­mek be­den üçin iň peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Eýsem, ýüz­me­giň nä­hi­li peý­da­la­ry bar­ka?! Beý­le­ki sport gör­nüş­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da ýüz­mek be­de­niň äh­li ag­za­la­ry­nyň deň de­re­je­de he­re­ket et­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Su­wuň bel­li bir gar­şy­ly­gy bo­lup, ony ýe­ňip geç­mek üçin güýç, tiz­lik, çy­dam­ly­lyk we çe­ýe­lik ge­rek. Ke­se­li­gi­ne he­re­ket edil­ýän­di­gi se­bäp­li yzy­gi­der­li ýüz­me­giň bo­ýuň ös­me­gi­ne hem peý­da­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ý

Halls­tatt –Awst­ri­ýa­nyň er­te­ki şä­he­ri

Awst­ri­ýa­nyň Halls­tatt şä­he­ri er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly owa­dan gur­lu­şy bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Halls­tät­ter kö­lü­niň gü­nor­ta-gün­ba­tar ke­na­ry bi­len Daçş­teýn da­gy­nyň dik ga­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da owa­dan peý­za­žy eme­le ge­tir­ýän şä­he­re aw­tou­lag­ly ýa-da ot­lu­ly ba­ryp bol­ýar. 59 müň 72 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän Halls­tatt şä­he­ri de­ňiz de­re­je­sin­den 511 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk şä­he­ri «Marktp­latz Halls­tatt» at­ly ki­çi­jik meý­dan­ça­sy bi­len myh­man­la­ry gar­şy­la­ýar. Şä­he­riň 3-4 gat­ly pes­se­jik jaý­la­ry we be­ýik­li-pes­li daş­ly kö­çe­le­ri XVI asy­ry ýa­dy­ňa sal­ýar. Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­dä­ki şä­her­de dün­ýä­niň iň ga­dy­my duz kän­le­ri­niň bi­ri bo­lan Salz­wel­ten Halls­tatt we Be­in­ha­us şah­ta­la­ry bar. Hä­zir­ki wagt­da mu­zeý hök­mün­de ula­nyl­ýan bu ýe­re rels­ler­den ýö­re­ýän ara­ba­la­ra mü­nüp ba­ryp bol­ýar. Duz mag­da­ny­na bar­mak is­le­ýän­le­re il­ki ýö­ri­te go­rag eşik­le­ri geý­di­ril­ýär. Soň­ra ýö­ri­te ýe­ras­ty mu­ze­ýe

Ys­sy­dan go­ran­ma­gyň usul­la­ry

Soň­ky ýyl­lar­da kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi bi­len dün­ýä­de aşa so­wuk we aşa ys­sy ho­wa de­re­je­le­ri ha­sa­ba alyn­ýar. Ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­nyň güýç­len­me­gi bi­len adam­lar­da ys­gyn­syz­lyk, iş­dä­siz­lik, huş­dan git­me, ba­şaý­lan­ma, Gün ur­ma ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Gün şöh­le­si­niň içiň­den ge­çip bar­ýan how­ry sag­lyk üçin zy­ýan­ly bo­lup, aşa gyz­gyn­lyk­dan go­ran­mak üçin bir­nä­çe şert­le­ri ber­jaý et­me­li. Sal­kyn­ly­gy sak­la­mak. To­mus pas­lyn­da açyk reňk­li, ýe­ňil we ýum­şak egin-eşik­le­ri geý­me­li. Bu be­de­ni sal­kyn sak­la­ma­gyň bir usu­ly­dyr. Ga­ly­ber­se-de, öý­de we iş otag­la­ryn­da ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da ser­gin­le­di­ji­ni iş­let­me­li. Em­ma ser­gin­le­di­ji ula­ny­lan­da her 2-3 sa­gat­dan öçü­ri­lip, 10-15 mi­nut ho­wa çal­şan­dan soň gaý­ta­dan iş­ledil­me­li. Ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy­na ga­ra­maz­dan ser­gin­le­di­ji­niň gö­ni ga­ba­dyn­da otur­mak ýa-da ýat­mak, su­wa dü­şüp ser­gin­le­di­ji­li ota­ga gir­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Her gün pol­la­ry çyg­ly es­gi bi­len sü­pü­rip çyk­mak hem öýi sal­kyn sak­la­ma­ga ýar­d

Gar­pyz – ja­na şy­pa­ly bak­ja önü­mi

To­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ak ba­zar­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­ýän gar­pyz ja­na şy­pa­ly bak­ja önüm­le­ri­niň bi­ri­dir. Gar­py­zyň dün­ýä­de 1 müň 200-den gow­rak gör­nü­şi bo­lup, ata Wa­ta­ny Af­ri­ka ha­sap­lan­ýar. 96-dan gow­rak ýurt­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän gar­py­zyň suw­suz­ly­gy gan­dyr­mak­dan baş­lap, sag­lyk üçin bir­nä­çe peý­da­sy bar. 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy suw­dan yba­rat bo­lan bu bak­ja önü­mi­niň dü­zü­min­de A, C, B6 wi­ta­mi­ni, na­triý, ka­liý, be­lok, şe­ker we ug­le­wod­lar sak­lan­ýar. Gar­pyz ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň işi­ni saz­la­mak bi­len, myş­sa­lar­da­ky agy­ry­ny azalt­ma­ga, be­de­niň ag­ra­my­ny ka­da­ly de­re­je­de sak­la­ma­ga, iý­mi­ti ýe­ňil siň­dir­mä­ge we Gün şöh­le­sin­den de­ri­ni go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ho­wa­nyň gyz­gyn gün­le­rin­de ýe­ter­lik de­re­je­de gar­pyz iý­len­de be­den üçin ze­rur bo­lan su­wuk­ly­gyň öwe­zi­ni do­lup bol­ýar.

Ra­ma­fo­sa gaý­ta­dan saý­lan­dy

14-nji iýun­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy ýur­duň do­lan­dy­ry­jy «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy­nyň li­de­ri Si­ril Ra­ma­fo­sa­ny gel­jek bäş ýyl üçin Pre­zi­dent saý­la­dy. Par­la­men­tiň il­kin­ji mej­li­si­ne baş­lyk­lyk eden baş ka­zy Reý­mond Zon­do par­la­ment­de ge­çi­ri­len ses be­riş­lik­de Ra­ma­fo­sa­nyň 283 ses, «Yk­dy­sa­dy azat­lyk üçin gö­re­şi­jiler» par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ju­li­us Ma­le­ma­nyň 44 ses alan­dy­gy­ny mä­lim et­di. 29-njy maý­da ýur­duň par­la­men­ti­ne we do­kuz we­la­ýa­tyň ka­nun çy­ka­ry­jy or­gan­la­ry­na saý­law­lar ge­çi­ril­di. Bu saý­law­lar­da Ra­ma­fo­sa­nyň «Af­ri­ka­nyň mil­li kong­re­si» par­ti­ýa­sy 40,2 gö­te­rim ses alyp ýe­ňiş ga­zan­dy. Ikin­ji or­ny 21,6 gö­te­rim ses bi­len «De­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi» par­ti­ýa­sy, üçün­ji or­ny 14,6 gö­te­rim ses bi­len ýur­duň öň­ki Pre­zi­den­ti Jeý­kob Zu­ma­nyň «Umk­hon­to we Siz­we» par­ti­ýa­sy eýe­le­di. «Yk­dy­sa­dy azat­lyk üçin gö­reşijiler» par­ti­ýa­sy bol­sa, 9,4 gö­te­rim se­se eýe bol­dy.

Saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa baş­lan­dy

17-nji iýun­da Fran­si­ýa­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry üçin saý­law kam­pa­ni­ýa­sy baş­lan­dy. Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy ba­ry-ýo­gy 12 gün do­wam eder. Bir hep­de do­wam eden gyz­ga­laň­ly bil­di­riş­ler­den soň, ýur­duň 577 saý­law ok­ru­gyn­da da­laş­gär­ler ha­sa­ba alyn­dy. Hä­zir ýurt­da saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­lar, saý­la­wyň öň ýa­nyn­da­ky dü­şün­di­riş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne ge­çi­ri­len saý­law­lar­da Fran­si­ýa­da aşa sag­çy­la­ryň ynam­ly ýeň­şin­den hem-de «Gal­ky­nyş» par­ti­ýa­sy­nyň şow­suz­ly­gyn­dan soň Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron fran­suz par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­sy - Mil­li ýyg­na­gyň ýa­ty­ryl­ýan­dy­gy­ny yg­lan et­di. Bu ba­ra­da fran­suz li­de­ri te­le­ýaý­lym ar­ka­ly hal­ka ýüz­len­me­sin­de aýt­dy. Mak­ron möh­le­tin­den öň ge­çi­ril­jek par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň 30-njy iýun­da, ikin­ji tap­gy­ry­nyň bol­sa, 7-nji iýul­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.

Prže­wals­ki­niň at­la­ry säh­ra do­lan­dy

Go­laý­da Ber­li­niň we Pra­ga­nyň haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­lan­ýan, Prže­wals­ki­niň ýa­ba­ny at­la­ry­nyň dün­ýä­dä­ki iň soň­ky ga­lan­la­ry Ga­za­gys­ta­na ge­ti­ril­di. Şeý­le­lik­de, al­ty baý­tal bi­len bir aý­gyr soň­ky 200 ýy­lyň için­de ga­zak säh­ra­lyk­la­ryn­da gör­len il­kin­ji ýa­ba­ny at­lar bo­lar. Ola­ryň öň­ki ne­sil­le­ri müň­ler­çe ýyl­lap bu se­bit­ler­de ýa­şap­dyr­lar. Ýö­ne 1960-njy ýyl­lar­da ýa­ba­ny at­la­ryň sa­ny adam iş­jeň­li­gi se­bäp­li ýi­tip ug­rap­dyr. In­di ola­ry te­bi­gy ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne gaý­tar­mak mak­sat edi­nil­ýär. Ga­za­gys­ta­na ge­ti­ri­len at­lar Mýun­hen we Pra­ga haý­wa­nat bag­la­ryn­da sak­la­nyp ga­lan iki to­pa­ra de­giş­li­dir.

Aw­to­mo­bil sa­tu­wy bo­ýun­ça öň­de

Hy­ta­ýyň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri, tä­ze ba­zar­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, 2023-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek glo­bal aw­tou­lag sa­tu­wy bo­ýun­ça ame­ri­ka­ly bäs­deş­le­rin­den öňe saý­lan­dy. Bu ba­ra­da aw­tou­lag ba­za­ryn­da­ky mag­lu­mat­la­ry sel­jer­mä­ge ýö­ri­te­le­şen bri­tan kom­pa­ni­ýa­sy «JA­TO Dy­na­mics» ha­bar ber­di. «Ge­çen ýyl hy­taý ön­dü­ri­ji­le­ri dün­ýä­de 13,4 mil­li­on tä­ze aw­tou­lag sa­typ, bu möç­ber 2022-nji ýyl­da­ky­dan 23 gö­te­rim köp­dür. Ame­ri­kan ön­dü­ri­ji­le­ri bol­sa, 11,9 mil­li­on tä­ze aw­tou­lag sa­typ, 2022-nji ýyl­da­ka ga­ra­nyň­da, 9 gö­te­rim ösüş ga­zan­dy» di­ýip, «JA­TO Dy­na­mics»-iň ha­sa­ba­tyn­da bel­le­nil­ýär. Hy­taýly aw­to­ön­dü­ri­ji­le­riň üs­tün­li­gi Ýa­kyn Gün­do­gar, Af­ri­ka, La­tyn Ame­ri­ka­sy we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýa­ly tä­ze ba­zar­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hy­taý aw­tou­lag­la­ry­na bo­lan is­leg Ýew­ro­pa­da, Awst­ra­li­ýa­da, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da we Ys­ra­ýyl­da hem art­ýar.

«Ga­nat­ly» mu­zeý açy­lar

Abu-Da­bi­de Şeýh Za­ýed adyn­da­ky mil­li mu­ze­ýiň gur­lu­şy­gy ta­mam­lanyp barýar. Fu­tu­ris­tik gur­lu­şyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň bäş sa­ny heý­kel ga­na­ty­dyr. Kaşaň desganyň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik ele­ment­le­ri içer­ki sal­kyn­ly­gy sak­la­mak üçin hem ni­ýet­le­nen­dir. Açy­lyş dabarasy 2025-nji ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­ýär di­ýip, «New At­las» ha­bar ber­ýär. Mu­zeý BAE-niň il­kin­ji Pre­zi­den­ti Şeýh Za­ýe­diň hor­ma­ty­na gu­rul­ýar. Onuň aja­ýyp di­zaý­ny Emir­lik­le­riň düý­bü­ni tu­tu­jy şeýh Za­ýe­diň la­çynly aw aw­la­ma­ga we ýur­duň dag­lyk ýer­le­ri­ne bo­lan söý­gü­si­ni ýat­lad­ýar. Esa­sy bi­na 30 metr be­ýik­lik­dä­ki de­pe gör­nü­şin­de bolup, po­lat ga­nat­lar 83 metrden 123 metr be­ýik­li­ge gö­te­ril­ýär. Ganatlar çyl­şy­rym­ly gur­lu­şy arkaly gyz­gyn ho­wa­ny özüne çek­mek bi­len tüs­se­çy­kar ýaly hyzmat edýär.

ABŞ-dan öňe geç­di

Hy­ta­ýyň ra­ýat­la­ry 2023-nji ýyl­da da­şa­ry ýurt sy­ýa­hat­la­ry­na 196,5 mil­liard dol­lar sarp edip, ABŞ-dan (150 mil­liard dol­lar) öňe geç­di. Bu ba­ra­da BMG-niň Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (UN Tou­rism) ha­sa­ba­tyn­da tas­syk­lan­ýar. Şeý­le hem il­kin­ji bäş­li­ge Ger­ma­ni­ýa (112 mil­liard dol­lar), Be­ýik Bri­ta­ni­ýa (110 mil­liard dol­lar) we Fran­si­ýa (49 mil­liard dol­lar) gir­di. Il­kin­ji on­lu­ga bol­sa, Ka­na­da­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Hin­dis­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň ila­ty gir­di. Mun­dan baş­ga-da, 2023-nji ýyl­da Fran­si­ýa dün­ýä­niň 100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­sy­ny ka­bul edip, dün­ýä­niň iň köp bar­lan ýur­dy bol­dy. Is­pa­ni­ýa 85 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny, ABŞ 66 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­sy ka­bul edip üçün­ji or­ny eýe­le­di. On­dan soň Ita­li­ýa (57 mil­li­on) we Tür­kiye (55 mil­li­on) gel­ýär.

Pom­pei­de ma­wy otag ta­pyl­dy

Ar­heo­log­lar We­zu­wiý wul­ka­ny aty­lan­dan soň kü­lüň as­tyn­da 2 müň ýyl sak­la­nyp ga­lan Pom­pei şä­he­rin­de tä­ze açyş et­di­ler. Bu ba­ra­da Pom­pei­de ge­çi­ril­ýän ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ba­ra­da­ky res­mi elekt­ron žur­na­ly «E-Jo­ur­nal deg­li Scavi di Pom­pei» ha­bar ber­di. Ar­heo­log­lar şä­he­riň mer­ke­zi bö­le­gin­den ýü­ze çy­ka­ry­lan tä­ze otag ba­ra­da jik­me-jik ha­sa­bat çap et­di­ler. Di­war­la­ry­na gök reňk çal­nan otag däp-des­sur­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga we mu­kad­des zat­la­ry sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ýer hök­mün­de ba­ha be­ril­di. Hü­när­men­ler gök reň­kiň Pom­pei fres­ka­la­ryn­da seý­rek duş gel­ýän­di­gi­ni, adat­ça, us­sat­lyk bi­len be­ze­len otag­lar­da ula­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň do­wa­myn­da 15 sany küý­ze, şeý­le hem 2 sa­ny ýag çy­ra we ola­ryň aşa­gy­na go­ýul­ýan sö­ýeg ýa­ly bü­rünç­den ýa­sa­lan zat­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, köp muk­dar­da gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry we bo­sa­ga­da su­wa­ga goş­mak üçin taý­ýar­la­nyp goý­lan ba­lyk­gu­lak ga­ty­şyk­ly çä­ge ta­pyl­dy

Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry

Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­la­ry ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Bu ýyl­ky sport çä­re­le­ri 8-15-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da «Uly säh­ra­da du­şu­şyk» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ri­ler. Bu çä­rä 100 ýurt­dan 4 müň tür­gen gat­na­şar diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Çäräniň gu­ra­ma­çy­la­ry As­ta­na­da bol­jak oýun­la­ra taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da mas­la­hat ge­çir­di­ler. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň eşik­le­ri­niň we me­dal­la­ry­nyň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di. Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy sport, me­de­ni­ýet we ylym ýa­ly üç esa­sy ug­ry öz içi­ne al­ýar. Gu­ra­ma­çy­la­ryň pi­ki­ri­çe, bu çä­re çar­wa me­de­ni­ýe­ti­ni go­rap sak­la­ma­ga, öw­ren­mä­ge we mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge ýar­dam be­rer.

Taryhda şu gün

1893-nji ýy­lyň 21-nji iýu­nyn­da Çi­ka­go­da gu­ra­lan Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne gat­na­şy­jy­lar ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek syn ediş çar­hy­na mü­nüp gör­ýär­ler. Bu wa­ka­dan iki ýyl öň il­li­noýs­ly ýaş in­že­ner Jorj Fer­ris ser­gi­niň gu­ra­ma­çy­la­ry­na adam­lar üçin ka­bi­na­la­ry bo­lan äpet syn ediş çar­hy­ny gur­ma­gy tek­lip ed­ýär. Fer­ri­siň bu oý­lap ta­py­şy­na Ne­wa­da şta­ty­nyň Kar­son der­ýa­syn­da gur­lan suw de­gir­me­ni­niň çarh­la­ry ylham berýär.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Mars­da suw gy­rpaklary ta­pyl­dy. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler tä­ze açyş edip, Mars­dan suw gyrpaklaryny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Suw gy­rpaklary Gy­zyl pla­ne­ta­nyň «Thar­sis» se­bi­tin­den «ExoMars Trace Gas Or­bi­ter» en­jam­y­nyň kömegi bi­len ta­pyl­dy. Ýukajyk ygal yzlary «Thar­sis» se­bi­tin­däki käbir wul­kan­la­ryň ge­riş­le­riniň oý­tak­la­ryn­da gö­rün­ýär. Go­log­ram­ma gör­nü­şin­de bo­lar. AB­BA go­log­ram­ma­sy bi­len ta­nal­ýan «Pop­hou­se» (Şwe­si­ýa) kom­pa­ni­ýa­sy El­wis Pres­li­niň san­ly awa­ta­ry­ny kon­sert sy­ýa­hatyna iber­mek­çi. El­wis Pres­li­niň awa­ta­ry bi­len gu­ral­jak kon­sert sy­ýa­ha­ty­nyň meş­hur sa­zan­da­nyň tu­tuş dün­ýä­dä­ki muş­dak­la­ry­nyň ün­sü­ni çek­jek uly wa­ka bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Mukaddes gurban baýramy bellenip geçildi

Gur­ban baý­ra­my yn­san­per­wer­li­gi, ru­hy tä­miz­li­gi, hoş­ni­ýet­li­li­gi, be­lent ah­lak­ly­ly­gy da­ba­ra­lan­dyr­ýan mil­li baý­ram­dyr. Bu baý­ram adam­la­ryň ara­syn­da­ky be­lent ýö­rel­ge­le­re ýug­ru­lan gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ýan, kalp­la­ry tä­miz­le­ýän, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi çuň­laş­dyr­ýan, kö­pa­syr­lyk däp-des­sur­la­ry­my­zy giň­den ýaý­baň­lan­dyr­ýan mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne ýe­ten öz­bo­luş­ly gym­mat­lyk­dyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da mil­li däp-des­sur­la­ry­myz sar­pa­la­nyp, ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze uly hor­mat go­ýul­ýar. Bu hal­ky­my­zyň ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ma­gyn­da hem açyk-aý­dyň gö­rün­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Gur­ban baý­ra­my hem pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän ga­dy­my hem mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň esa­syn­da giň­den bel­le­nil­ýär. Ýurdumyzda her ýyl­da üç gün dynç gü­ni diý­lip bel­le­ni­lip, bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň asyl­ly däp­le­ri­mi­ze