Pom­pei­de ma­wy otag ta­pyl­dy

21 Iýun 2024
31

Ar­heo­log­lar We­zu­wiý wul­ka­ny aty­lan­dan soň kü­lüň as­tyn­da 2 müň ýyl sak­la­nyp ga­lan Pom­pei şä­he­rin­de tä­ze açyş et­di­ler. Bu ba­ra­da Pom­pei­de ge­çi­ril­ýän ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ba­ra­da­ky res­mi elekt­ron žur­na­ly «E-Jo­ur­nal deg­li Scavi di Pom­pei» ha­bar ber­di.

Ar­heo­log­lar şä­he­riň mer­ke­zi bö­le­gin­den ýü­ze çy­ka­ry­lan tä­ze otag ba­ra­da jik­me-jik ha­sa­bat çap et­di­ler. Di­war­la­ry­na gök reňk çal­nan otag däp-des­sur­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga we mu­kad­des zat­la­ry sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ýer hök­mün­de ba­ha be­ril­di. Hü­när­men­ler gök reň­kiň Pom­pei fres­ka­la­ryn­da seý­rek duş gel­ýän­di­gi­ni, adat­ça, us­sat­lyk bi­len be­ze­len otag­lar­da ula­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň do­wa­myn­da 15 sany küý­ze, şeý­le hem 2 sa­ny ýag çy­ra we ola­ryň aşa­gy­na go­ýul­ýan sö­ýeg ýa­ly bü­rünç­den ýa­sa­lan zat­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, köp muk­dar­da gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry we bo­sa­ga­da su­wa­ga goş­mak üçin taý­ýar­la­nyp goý­lan ba­lyk­gu­lak ga­ty­şyk­ly çä­ge ta­pyl­dy.

Beýleki habarlar