Elektron abuna ýazylyşy dowam edýär

21 Iýun 2024
19

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmek boýunça öňde goýýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda sanly ulgamyň üsti bilen dürli tölegleri tölemek, ýol peteklerini satyn almak mümkin. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, neşirýat ulgamynyň işine hem sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda çap edilýän islendik gazet-žurnallary «Türkmenmetbugat» mobil goşundynyň üsti bilen okamak, günübirin bolup geçýän täzeliklerdir, hoş habarlar bilen tanyşmak mümkin. Ykjam el telefonlarynyň üsti bilen islendik wagtda gazet-žurnallary okamaga, olaryň «pdf» görnüşini ýükläp, gyzykly maglumatlary almaga ähli mümkinçilikler döredilen. Elektron abuna ýazylyşygyna TKA-nyň etrap birleşmesiniň  işgärleri, işjeň agzalary uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şu günler gazet-žurnallaryň elektron görnüşine abuna ýazylyşygy gyzgalaňly dowam edýär.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar