''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Hyzmatdaşlygy pugtalandyryp

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň paýtagtymyzda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti goňşy, dostlukly ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň özboluşly dabaralanmasy boldy. Ýokary derejedäki taryhy duşuşyk dünýä ýaň saldy. Ol döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýaly ýörelgeleriň ýokary derejä çykandygyny ýene bir ýola açyp görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşyny teleýaýlym arkaly ünsli diňledik. Umumy sebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly meseleler, aýratyn-da, durnukly suw üpjünçiligi, energetika, ulag we logistika ýaly ileri tutulýan ugurlar barada aýdylanlar uly täsir galdyrdy. Halkymyzda suwa aýratyn sarpa goýulýar. Täze taryhy döwrümizde pederlerimiziň suwa aýawly garamak babatdaky ýörelgelerine berk eýerilmegi, suwy tygşytly we netijeli ulanmaga döwlet syýasatynda aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen baglylykda, Aşgabat sammitinde suw serişdelerinden akylly-başly peýdalanmagyň möhüm işleriň hatarynda görkezilmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Ylaýta-da, ýurtlarymyzyň suwa isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly kanagatlandyrmakda önümçili

Sebit bähbitli başlangyçlar

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň gözel paýtagtymyzda ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti netijeli döwletara we sebit gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka boldy. Aşgabat sammiti ençeme asyrlyk tejribä esaslanýan däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýan türkmen, täjik we özbek halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, sebitiň üç ýurduny durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly ösdürmäge täze mümkinçilikleri açdy. Üçtaraplaýyn duşuşykda köp sanly wajyp meseleler öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiz durnukly suw üpjünçiliginiň derwaýys meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, ýurtlarymyzyň suwa islegini özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologik çözgütler barada aýtdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda suwaryş ulgamyny döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Suwy tygşytly ulanmak, suwaryşyň dürli ölçegdäki geçirijiler arkaly hem-de damjalaýyn usullaryny ornaşdyrmak, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ýaly işlere-de aýratyn üns berilýär. Ata-babalarymyz topragy hazynalar çeş

Hazar — mümkinçilikleriň deňzi

Žurnalistleriň biri: «Hazar — deňizden has uly hazyna» diýmek bilen, onuň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine örän jaýdar baha beripdir. Taryhda 70-den gowrak ada eýe bolan we dünýäniň ösen döwletleriniň nazary gönükdirilen gojaman Hazar häzirki wagtda köpugurly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Çünki Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikler bar. Şol ugurlarda sebitiň döwletleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar bolsa Hazary diňe bir hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, dostlugyň deňzine öwürdi. Muňa her ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda strategik ähmiýeti dünýä ykbalyna dahylly meselelere utgaşýan Hazar deňziniň gününiň bellenilmegi hem şaýatlyk edýär. Bu günki gün Garaşsyz Türkmenistan Hazarýaka hyzmatdaşlygyna uly üns berýär. Adamzat taryhynda ägirt uly syýasy ähmiýete we ykdysady kuwwata eýe bolan Hazaryň bu günki ykbaly hem-de geljegi bilen bagly meseleler turuwbaşdan ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. Degişli ugurda ata Watanymyzyň Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek babatda öňe süren möhüm başlangyçlary esasynda 21 ýyl mundan ozal badalga alan sammitleriň ilkinjisi 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirildi. H

Mawy alyslyklar bizi ýakynlaşdyrýar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ilkinji gezek «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşinde geçirilen Aşgabat duşuşygy barada söhbet Eger-de siz meşhur rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyň «Aziýanyň mawy alyslyklary» atly eserini okan bolsaňyz, onda: «Meni mawy alyslyklar, syrly pars daglary, Aziýa syýahat etmek arzuwy özüne çekýärdi» diýen jümlä gabat gelensiňiz. Taryhyň dowamynda, gör, näçe adamlar mawy alyslyklara ýaýylyp gidýän Aziýany görmegi, tebigatyny synlamagy, bu ýerleriň beýik medeniýetine aralaşmagy arzuw edipdir. Ol hakynda uly-uly syýahatnamalar, ölmez-ýitmez eserler döredilipdir. Biziň söhbedimiz hem ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyran, täsin, gaýtalanmaz tebigaty, haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan, tebigy baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan Aziýanyň merkezi sebitinde ýerleşýän üç ýurduň — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 4-nji awgustynda üçtaraplaýyn görnüşde geçiren ilkinji duşuşygy dogrusynda.

Özbegistan Türkmenistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hazar deňzine çykmak isleýär

Özbegistan Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyny isleýär. Bu babatda ol Türkmenistan hem-de Gazagystan bilen ýük daşamak boýunça baglaşylan şertnamalara bil baglaýar diýip, «Report.az» habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistan öz gämileri bilen Hazarüsti ugur boýunça ýük daşamalarynyň möçberiniň artmagyna goşant goşmak isleýär. Bu babatda çeşme Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Ulag we logistikanyň ösüşiniň öwrenmek boýunça merkeziniň müdiri Bekzod Holmatowa salgylanýar.

Gazagystan Eýranyň üsti bilen Aýlag ýurtlaryna çykmagy meýilleşdirýär

Gazagystan eksport üçin niýetlenilen azyk önümlerini Aýlag ýurtlarynyň, Ýakyn Gündogaryň, Pakistanyň, Hindistanyň we Gündogar Afrikanyň bazarlaryna daşamak üçin iň gysga we göni ugry ösdürmek boýunça iş alyp barýar. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi. Geçen hepde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangarin bilen “AD Ports Group” kompaniýasynyň düzümine girýän “Simatech Shipping & Forwarding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dawud Taftiniň arasynda geçirilen duşuşykda bu ugruň döredilmegi boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Halkara dialog — türkmen diplomatiýasynda strategik ugur

Aşgabadyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryň merkezine öwrülendigi indi hiç kim üçin täzelik däl. Forumlar häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegine mynasyp goşant goşýar. Dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bu, elbetde, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesinden we şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän hoşniýetli daşary syýasatdan gelip çykýar. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzir hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli işler dünýäde kanagatlanma bilen kabul edilýär. Aşgabat ýene-de halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi. 4-nji iýulda paýtagtymyzda geçirilen üçtaraplaýyn sammiti — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki duşuşygyny dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňden beýan edip, onuň işine ýokary baha berdi.

Aşgabat sammiti — hyzmatdaşlyk meýdançasy

Häzirki döwürde döwletiň ykdysady ösüşiniň esasyny düzýän döwletara gatnaşyklar we onuň çygrynda dürli ugurlar boýunça ilerledilýän hyzmatdaşlyklar ýurduň häzirki hem-de geljekki ösüşlerini kesgitleýär. Türkmenistan bilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň, aýratyn-da, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda geljegi uly ugurlary nazarda tutup ösdürilmegi ýurtlaryň sebitde eýeleýän ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam edýär. 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek geçirilen üçtaraplaýyn sammit hem öz gezeginde suw üpjünçiligi we ondan peýdalanmak, ulag, energetika ýaly özara möhüm ugurlarda bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň nobatdaky ädimi boldy. Bu sammitiň ähmiýeti barada häzirki günlerde hem halkara bilermenler we tejribeli hünärmenler iri internet neşirlerinde, abraýly gazet-žurnallarda öz pikirlerini paýlaşýarlar. Biz gazetimiziň şu sanynda halkara bilermenleriň birnäçesiniň Aşgabat sammiti baradaky pikir-garaýyşlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Fernando MORAGON, Ispaniýanyň “Diario Arbat” internet neşiriniň direktory, Özbek-ispan gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça assosiasiýanyň ý

Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa

4-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr. Şoňa görä-de, ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar. Aşgabat sammiti däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryň senenamasyna täze sahypany ýazyp, gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir. Türkmenistan tagallalary birleşdirmäge çagyrýar

Hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp

4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmanlary myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek baradaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we şu saparyň dowamynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Mundan beýläk «taraplar» diýlip atlandyrylýan, öz döwletleriniň adyndan Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, üç döwletiň halklarynyň dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy, taryhynyň, däp-dessurlarynyň, medeniýetiniň, ösüşiniň ýakynlygy esasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga çalyşmakdan ugur alyp,

Gazagystan Türkmenistandan Owganystana üstaşyr daşamalarda arzanladyş boýunça ylalaşyk gazandy

Gazagystan ýükleriň Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana üstaşyr daşalmagy boýunça 30 göterim arzanladyş barada ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Törebaýewiň Astanada habarçylar bilen ýetip gelýän gazak-owgan işewürlik forumyna bagyşlanyp geçirilen duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, “Kazinform” agentligi duşenbe güni habar berdi. Şeýle hem Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Gazagystanyň un we galla önümlerini Owganystana ibermek meselesinde Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini belledi.

Ätiýaçlandyryş işiniň gadamlary

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Guramanyň esasy wezipesi döwletiň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridik şahslary emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Karary esasynda, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnamanyň täzeden kabul edilmegi, şeýle hem şol ýylyň awgustynda «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi ulgamy ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydyr. Kanun ýerli düzüm bilen bir hatarda ýurduň çäginde iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalaryny, fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuk bilen üpjün edýär. Bulardan başga-da, fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda çykarylan Karar esasynda täzeden işlenilip kämilleş

Ösüşiň belent nusgasy

Sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan Türkmenistanyň sebit we halkara derejeli hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär we dünýä döwletleri bilen dostluk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Onuň şeýledigini gözel paýtagtymyzda 4-nji awgustda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitiniň netijeleri hem doly tassyklaýar. Üçtaraplaýyn esasda ilkinji gezek geçirilen Aşgabat sammiti döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak maksadyna eýerip, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bagly wezipeleriň anyk çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmakda we olar boýunça takyk netijelere gelmekde uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyz sebit döwletleri bilen özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýaly umumy bähbitleri öz içine alýan ýörelgeleri mynasyp durmuşa geçirýär. Bu döwletleriň arasynda strategik ösüşiň işjeňleşmegine we halklaryň abadançylygynyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler hem şu pikir-garaýyşlaryň doly derejedäki subutnamasyna öwrüldi. Samm

Jebislik. ylalaşyklylyk. özara goldaw

Geçen anna güni — 4-nji awgustda paýtagtymyz Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» görnüşindäki ilkinji gezek geçirilen bu sammit sebit hyzmatdaşlygynyň täze ugry hökmünde ýurtlarymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Sebit gatnaşyklaryna möhüm itergi

Gojaman Hazar — tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgady

Taryhda 70-den gowrak ady göteren Hazar deňzine türkmenlerde «gojaman Hazar» diýilmegi ýöne ýerden däl. Ençeme müňýyllyklardan bäri bu deňzi ata-babalarymyz dürli hili atlandyrypdyrlar. Ýazuw çeşmelerinde onuň Girkan, Gürgen, Kaspi, Hwalis, Oguz, Tetis, Astrahan, Mazenderan, Tabarystan ýaly birnäçe atlar bilen atlandyrylandygy barada maglumatlar berilýär. Ol bu deňziň kenarlarynda ýaşan taýpalaryň we halkyýetleriň atlary boýunça ýa-da olaryň eýelän ýerleri boýunça atlandyrylypdyr. Biziň häzirki döwrümizde onuň has giňişleýin ýaýran iki sany adynyň biri «Kaspi» bolup, ol 1 müň ýyl ozal günortada ýaşan kaspi taýpalaryndan gelip çykýar. Beýlekisi – «Hazar» bolsa VII asyrda Kaspiniň we Kawkazyň ýanynda, häzirki wagtdaky günorta Russiýanyň çäklerinde mesgen tutan türki dilli halk bolan hazardan gelip çykýar. Hazar deňzi Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän, dünýäde iň uly deňiz derejeli köldür. Onuň häzirki hanasy soňky on million ýyllygyň dowamynda emele gelipdir. Ol bir wagtlar, takmynan, 70 million ýyl mundan ozal dünýä ummany bolan Sarmat deňzi eken. Wagtyň geçmegi bilen Sarmat deňzi ikä bölünýär. Olaryň birisi Gara deňiz bolup, Ýer şarynyň Günbataryna süýşýär, beýlekisi Hazar bolup, biziň häzirki ýaşaýan çägimize ornaşýar. Hä

Sebit hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary milli medeniýetiň döwletli ýörelgeleriniň biridir. Baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde we sebitde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek ugrundaky tagallalary halkymyzyň asyrlarboýy ýöredip gelýän şol milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda hem baky Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasatyny alyp barýar, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär. 4-nji awgustda paýtagtymyzdaky kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn sammit gadymy dost-doganlyk, gadyrly goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändiginiň özboluşly görkezijisine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit şeýle görnüşd

Üçtaraplaýyn sammit: deňhukukly we deňagramly bähbitler

Soňky ýyllarda türkmen-täjik we türkmen-özbek gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Üç doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň syýasy erk-islegi jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegine aýratyn ýardam berýär. Halkara we sebitara meselelerde taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşligi, ýakynlygy Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň köptaraplaýyn syýasy meýdançalarda ysnyşykly çykyş edip, sebit we ählumumy derejede oňyn tagallalary öňe sürmegine saldamly goşant goşýar. 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli waka bolmak bilen, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň depginine täze itergi berjekdigi gümansyz. Muňa sammitiň netijesi boýunça kabul edilen 17 bentden ybarat Bilelikdäki Beýannama dolulygy bilen şaýatlyk edýär. Resminama üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny özünde jemlemek bilen, mazmuny boýunça, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn nygtaýşy ýaly, ileri tutulýan ugurlaryň ylalaşylmagy, ösüş meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagy halklaryň jana-jan bähbitlerine, mi

Bilelikdäki ösüşiň geljegi

Şawkat ALIMBEKOW,Merkezi Aziýa halkara institutynyň uly ylmy işgäri: — 4-nji awgustda Aşgabat şäherinde Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Liderleriniň sammiti geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda, senagat, energetika, oba we suw hojalygy ýaly ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary işjeň giňeltmek barada ylalaşdylar. Şunda ulag ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga, konteýner daşamalarynyň möçberini we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýükleri daşamak hem-de saklamak üçin bilelikdäki terminallary döretmäge aýratyn üns berildi.

Taryhy waka media giňişliginde

central-asia.news habar-seljerme portaly Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň berýän maglumatlaryna salgylanyp, Aşgabat sammitinde syýasy, söwda-ykdysady, energetika, suw-ekologiýa, ulag we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berýär. Saýtda täjik Lideriniň: «Täjigistan öz gidroenergetiki serişdelerini nazara alyp, «ýaşyl» energetikanyň önümçiligini ösdürmegi göz öňünde tutýar we bu ugurda sebitiň döwletleri bilen geljekde-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr» diýen sözleri getirilýär. Özbegistanyň Prezidentiniň resmi internet saýty «Türkmenistan — Täjigistan — Özbegistan» formatynda ilkinji gezek geçirilen üçtaraplaýyn sammit bilen bagly habardyr maglumatlary yzygiderli köpçülige ýetirdi. Habarlaryň birinde duşuşykda sebitiň ýurtlarynyň açyk, agzybir we jebis syýasatynyň anyk netijeleri gazanmaga ýardam berendiginiň nygtalandygyna üns çekilýär. Şunda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijeli häsiýeti hem bellenildi. Özbek Lideri energetika pudagynda, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek we üstaşyr geçirmek boýunça hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýratyn nygtady.