Ätiýaçlandyryş işiniň gadamlary

9 Awgust 2023
424

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Guramanyň esasy wezipesi döwletiň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridik şahslary emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Karary esasynda, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnamanyň täzeden kabul edilmegi, şeýle hem şol ýylyň awgustynda «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi ulgamy ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydyr. Kanun ýerli düzüm bilen bir hatarda ýurduň çäginde iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalaryny, fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuk bilen üpjün edýär. Bulardan başga-da, fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda çykarylan Karar esasynda täzeden işlenilip kämilleşdirilen «Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda» Düzgünnama tassyklandy. Ulgamyň sanlylaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň özleşdirilmegi ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Beýleki habarlar