Ösüşiň belent nusgasy

9 Awgust 2023
369

Sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan Türkmenistanyň sebit we halkara derejeli hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär we dünýä döwletleri bilen dostluk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Onuň şeýledigini gözel paýtagtymyzda 4-nji awgustda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitiniň netijeleri hem doly tassyklaýar. Üçtaraplaýyn esasda ilkinji gezek geçirilen Aşgabat sammiti döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak maksadyna eýerip, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bagly wezipeleriň anyk çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmakda we olar boýunça takyk netijelere gelmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Häzirki wagtda ýurdumyz sebit döwletleri bilen özara düşünişmek, ynanyşmak, açyklyk ýaly umumy bähbitleri öz içine alýan ýörelgeleri mynasyp durmuşa geçirýär. Bu döwletleriň arasynda strategik ösüşiň işjeňleşmegine we halklaryň abadançylygynyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler hem şu pikir-garaýyşlaryň doly derejedäki subutnamasyna öwrüldi. Sammit döwletleriň arasynda jebislik, ylalaşyklylyk, birek-biregi goldamak, umumy bähbitleriň hatyrasyna tagallalary birleşdirmek, dürli ugurlar boýunça ösüşi işjeňleşdirmekde hyzmatdaşlygy ilerletmäge ünsi güýçlendirmek ýaly meseleleriň anyk çözgütli beýanyna öwrüldi. Dostlukly döwletleriň halklarynyň uzak ýyllaryň dowamatyna eýe bolan ýörelgelerden, däp-dessurlardan, gymmatlyklardan ugur alýandyklary olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mizemez häsiýetliligini aýdyňlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, parahatçylyk, durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk uly baýlykdyr. Biz bu baýlygy aýawly saklamalydyrys, artdyrmalydyrys we geljek nesillere geçirmelidiris.

Mahym PIRIÝEWA,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar