Sebit hyzmatdaşlygynda täze başlangyçlar

8 Awgust 2023
399

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary milli medeniýetiň döwletli ýörelgeleriniň biridir. Baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde we sebitde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek ugrundaky tagallalary halkymyzyň asyrlarboýy ýöredip gelýän şol milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda hem baky Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasatyny alyp barýar, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär. 4-nji awgustda paýtagtymyzdaky kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn sammit gadymy dost-doganlyk, gadyrly goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändiginiň özboluşly görkezijisine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşyk bolup, taraplaryň hem sebitiň abadançylygyna gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Merkezi Aziýa ýurtlary sebiti parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, täze ösüşleriň mekanyna öwürmek ugrunda tagallalaryny birleşdirip, özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede ösdürmegiň ygtybarly binýadyny döredýärler. Asyrlaryň dowamynda ýakyn goňşy bolup ýaşan türkmen, özbek, täjik halklaryny öňden gelýän berk medeni we taryhy kökler, hemişe birek-birege goldaw bermäge taýýar hoşniýetli gatnaşyklar, dostluk hem-de özara düşünişmek baglanyşdyrýar. Täze taryhy döwürde — garaşsyzlyk ýyllarynda biziň döwletlerimiz we halklarymyz häzirki zaman ösüşiniň esasy gymmatlyklaryndan ugur alyp, olary öz baý taryhy we medeni mirasy bilen baýlaşdyrmak arkaly ösýärler.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar