''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

AŞGABAT — HALKLARY WE YNSANLARY DOSTLAŞDYRÝAN ŞÄHER

Sebitiň 10 ýurdunyň ýaşlaryny bir ýere jemlän «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşiginden galan täsirler

Türkmenistan we Gyrgyzystan özara ýük ibermek işini giňeltmegiň wajypdygyny bellediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiniň Dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Akylbek Žaparow özara ýük ibermek işini mundan beýläk-de artdyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygyny belledi. Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň habar bermegine görä , GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy şeýle hem üçünji ýurduň bazarlaryna bilelikde çykmak üçin mümkinçilikleri gözlemegi teklip etdi.

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlary birnäçe resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde anna güni GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilip, onuň dowamynda birnäçe resminamalar kabul edildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär. Hususan-da, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň Premýer-ministrleri, Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany mejlisiň dowamynda 2035-nji ýyla çenli döwür üçin energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk konsepsiýasyna, Himiýa senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýasyna, Howply galyndylar bilen çemeleşmek we daşky gurşawa zyýanly desgalary aradan aýyrmak pudagynda hyzmatdaşlyk konsepsiýasyna hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleriň Meýilnamasyna gol çekildiler we tassykladylar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilçäý «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisine gatnaşdy. Agentlik myhmanlary Türkmenistanyň raýatlaryna hödürlenýän hyzmatlar, hususan-da, ýerli we öýjükli aragatnaşyk, internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy, milli teleýaýlymlar we radioýaýlymlar bilen tanyşdyrýar.

Aşgabatda GDA-nyň halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy

Ýakynýda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA agza ýurtlaryň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we infrastrukturany işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy. Energetika, ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu ugurlardaky bar bolan ägirt uly kuwwaty has oňaýly herekete getirmek boýunça başlangyçlarynyň möhümdigi äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä giňişliginde işjeň öňe sürýän energetika we ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti hem artýar.

Türkmenistan we Gazagystan energetika we ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Mähir siňen gözellik

Dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha berkidýän eziz Diýarymyz parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan bu gadymy toprakda halkara derejeli iri forumlar, maslahatlar, sergiler yzygiderli geçirilýär. Bu hakykata şu ýylyň 17-nji maýynda Gündogaryň beýik akyldary hem-de türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dabaraly toýlanýan günlerinde türkmen we hytaý zenanlarynyň dünýäsine bagyşlanyp geçirilen maslahatyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan dostlukly ýurtlaryň özara gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu babatda iki dostlukly ýurduň zenanlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklara-da uly üns berilýär. Şu ýerde geçen ýylyň güýz paslynyň ajaýyp günlerinde Hytaý topragynda bolup geçen taryhy wakalar ýadyňa düşýär. 2023-nji ýylyň 17 — 19-njy oktýabry aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň 10 ýyllygy mynasybetli Pekin şäherinde geçirilen üçünji ýokary derejeli halkara foruma gatnaşdy we ol ýerde tar

Maksatlaryň umumylygy — okgunly ösüşiň binýady

24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasy boldy. Bu döwrebap toplumda daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Maksatlaryň umumylygy — okgunly ösüşiň binýady

24-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasy boldy. Bu döwrebap toplumda daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Maksatlaryň umumylygy — okgunly ösüşiň binýady

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki mejlisiň GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde boljak duşuşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, mejlisiň işiniň dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, onuň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmäge rus tarapynyň gyzyklanma bildirýändigi barada aýdanlaryny ýetirdi.

Maksatlaryň umumylygy — okgunly ösüşiň binýady

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Dostlukly gatnaşyklar berkeýär

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklar

20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklary asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň, diliniň, dininiň umumylygyna, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda Türkmenistan we Tatarystan nebitgaz, gämigurluşyk, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikalaryny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Netijeli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Duşuşyklaryň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady, medeni-ynsanperwer maksatnamalara işjeň gatnaşýar, ýurdumyzda GDA-nyň çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasy