Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi

25 Maý 2024
262

Aşgabat, 24-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, onuň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmäge rus tarapynyň gyzyklanma bildirýändigi barada aýdanlaryny ýetirdi.

Beýleki habarlar