Mähir siňen gözellik

27 Maý 2024
398

Dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha berkidýän eziz Diýarymyz parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan bu gadymy toprakda halkara derejeli iri forumlar, maslahatlar, sergiler yzygiderli geçirilýär. Bu hakykata şu ýylyň 17-nji maýynda Gündogaryň beýik akyldary hem-de türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dabaraly toýlanýan günlerinde türkmen we hytaý zenanlarynyň dünýäsine bagyşlanyp geçirilen maslahatyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan dostlukly ýurtlaryň özara gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu babatda iki dostlukly ýurduň zenanlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklara-da uly üns berilýär. Şu ýerde geçen ýylyň güýz paslynyň ajaýyp günlerinde Hytaý topragynda bolup geçen taryhy wakalar ýadyňa düşýär. 2023-nji ýylyň 17 — 19-njy oktýabry aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň 10 ýyllygy mynasybetli Pekin şäherinde geçirilen üçünji ýokary derejeli halkara foruma gatnaşdy we ol ýerde taryhy çykyş etdi. Şeýle derejeli forumyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň ýanynda bolan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hem öz agtyjaklary bilen ýörite guralan medeni çärelere gatnaşdy. Ol ýerde guralan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly türkmen milli gymmatlyklarynyň sergisinde haly we haly önümleri, milli lybaslaryň, şaý-sepleriň dürli görnüşleri görkezildi. Şonda ussat halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue bilen ýurdumyzyň gurnan sergisiniň toý bagyny kesip, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelen ýokary derejeli myhmanlara türkmen halylarynyň aýratynlyklary, dokalyşy, nagyşlary, reňkleri barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa gyzyklanma bilen berlen sowallaryň ählisine bu ugurda gazanan baý tejribelerine daýanyp, täsirli jogap berdi.

Ogulhajat IŞANGULYÝEWA,
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy.
Beýleki habarlar