Netijeli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

24 Maý 2024
175

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Duşuşyklaryň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady, medeni-ynsanperwer maksatnamalara işjeň gatnaşýar, ýurdumyzda GDA-nyň çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, şu resminamanyň kabul edilmeginiň dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar