''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ynsanperwerlik kömegi iberildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutup, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek tabşyryldy.

Ýangyç-energetika: gatnaşyklar berkidilýär

24-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine üns çekildi. Şunda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň dowamynda bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garadylar.

Hyzmatdaşlyk — ösüşiň nusgasy

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, daşary syýasatyny hyzmatdaşlygyň netijeli usullary arkaly ösdürýär. Döwletiň bu ugurdaky Konsepsiýasy dünýä giňişliginde eziz Watanymyzyň ornuny has-da berkidip, abraýyny barha ýokarlandyrýar. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarýar. Garaşsyz Watanymyzda ýokary netijeleri gazanmak ugrunda işjeň maýa goýum syýasatynyň alnyp barylmagynyň, şol sanda ykdysadyýetiň durnuklylygy, onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply bolmagy üçin daşary ýurt maýalarynyň giňden çekilmeginiň ähmiýeti bimöçberdir.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutup, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Palestina Döwletiniň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen duşuşdy. Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda ýene-de bolup görýändigine şatdygyny belledi we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Riýad al-Maliki türkmen halkynyň Milli Liderine Prezident Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny gowşuryp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan şöhratly taryha eýedigi we özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutup, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek tabşyryldy.

Hyzmatdaşlygy ilerletmegiň giň mümkinçilikleri

ara alnyp maslahatlaşyldy Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda «mawy ýangyjy» eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde yzygiderli tagalla edýär. Hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri halkara giňişlikde uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistan — Wengriýa: dostlukly gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin 20-nji awgustda Wengriýa amala aşyran iş sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Häzirki döwürde bu gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Tagallalar — umumy abadançylygyň bähbidine

Türkmenistan — ÝUNESKO: netijeli hyzmatdaşlyga 30 ýyl!

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi. Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýylyna syn bermek üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Nesilleriň geljegi baradaky tagallalar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Durmuşa geçirilýän bu işler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy bolsa muny ýene bir ýola aýdyňlygy bilen tassyklady. ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmeleri görkezmek bilen, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bolsa strategik häsiýete eýedir.

Türkmenistan — Ýunesko: oňyn hyzmatdaşlygyň nusgalyk ýoly

Medeniýet, milli miras halkyň ruhy hazynasyna öwrülip, nesilden-nesle geçýär, her bir nesil tarapyndan täze gymmatlyklar bilen baýlaşýar. Häzirki döwürde türkmen medeniýeti beýik galkynyşy başdan geçirýär, medeni gymmatlyklarymyz dünýä halklaryna giňden tanyşdyrylýar, umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde medeni diplomatiýany ýaýbaňlandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň netijeli miweleri şu eziz Watanyň perzendi hökmünde her birimizi guwandyrýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Şu ýylyň 17-nji awgustynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň bu halkara düzüme agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahatda özara hyzmatdaşlygyň netijelerine syn berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdim

Ýaşlary buýsandyran hoş habar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi hakdaky şatlykly habar biz — ýaşlaryň, Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň buýsançly başyny göge ýetirdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň şöhratly wakalarynyň üstüni ýetiren bu habar ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Berkarar Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary özleri hakdaky bimöçber aladalara her bir ädimde göz ýetirip, duýup gelýärler. Diňe üstümizdäki ýylyň özünde ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak buýsançly wakalaryň ençemesi bolup geçdi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň şanly ýylymyzyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilmegi, ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi, Arkadag şäherindäki edaralaryň, gulluklaryň ýolbaşçy wezipelerine ýaşlaryň bellenilmegi we deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheriň ýaşlaryň şäherine öwrülmegi buýsançly wakalaryň hatarynda agzalmaga mynasypd

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi TASS-a energetika we ulag hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales TASS-yň habarçysy bilen söhbetdeşi boldy. Russiýa agentligi diplomatyň energetika we ulag pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky beýanyny çap etdi. Ilçiniň sözlerine görä, Eýran türkmen gazynyň Azerbaýjana çalşyk üpjünçiligini 4,5-5 million kub metrden günde 7-7,5 million kub metre çenli artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde, Saragt liniýasynda çalyşyk üpjünçiligi mümkinçiliginiň 20 million kub metre ýetýändigini belläp geçdi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

Aşgabat, 21-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar ýörite guralan sergi bilen tanyşdylar, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilen milli gymmatlyklar, Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, beýik şahyryň türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylary, amaly-haşam sungatynyň eserleri we beýlekiler görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Halkara giňişlikde

Ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi maslahatlaşyldy Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen goňşy ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň, degişli hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — Wengriýa: hoşniýetli hyzmatdaşlyk berkidilýär

Hormatly Prezidentimiz Wengriýa ilkinji iş saparyny amala aşyrdy 20-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.

Jeýhundan Dunaýa uzaýan menziller

Halkymyzda: «Guşuň kuwwaty ganatlarynda» diýen jümle bar. Edil şonuň ýaly, ynsan hem öz dostlary bilen beýikdir. Daragtlar köki bilen çuňluklara aralaşsa, ynsan dostlary bilen uzak menzilleri aşýar. 20-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa amala aşyran iş sapary hem dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Sözümizi ýurduň resmi adyna gysgaça düşündiriş bermekden başlamak isleýäris. Bu ýurduň iňlis dilinde «Hungary», ýagny «Hunlaryň ýurdy» diýilmegi-de tötänden däl. Wengerler özüni beýik hun serkerdesi Attilanyň kowumyndan saýýarlar. Diýmek, Jeýhundan Dunaýa uzaýan menzilleriň alysdygyna garamazdan, biziň taryhy ykballarymyz juda ýakyndyr.

Hoş habar

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy boldy Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.