Türkmenistan — ÝUNESKO: ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

22 Awgust 2023
624

Aşgabat, 21-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň strategik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahat başlamazdan ozal oňa gatnaşyjylar ýörite guralan sergi bilen tanyşdylar, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilen milli gymmatlyklar, Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, beýik şahyryň türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylary, amaly-haşam sungatynyň eserleri we beýlekiler görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Beýleki habarlar