Nesilleriň geljegi baradaky tagallalar rowaçlanýar

23 Awgust 2023
373

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Durmuşa geçirilýän bu işler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy bolsa muny ýene bir ýola aýdyňlygy bilen tassyklady.

ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

«ARKADAG»
Beýleki habarlar