Ýaşlary buýsandyran hoş habar

22 Awgust 2023
658

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi hakdaky şatlykly habar biz — ýaşlaryň, Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň buýsançly başyny göge ýetirdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň şöhratly wakalarynyň üstüni ýetiren bu habar ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Berkarar Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary özleri hakdaky bimöçber aladalara her bir ädimde göz ýetirip, duýup gelýärler. Diňe üstümizdäki ýylyň özünde ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak buýsançly wakalaryň ençemesi bolup geçdi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň şanly ýylymyzyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilmegi, ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi, Arkadag şäherindäki edaralaryň, gulluklaryň ýolbaşçy wezipelerine ýaşlaryň bellenilmegi we deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheriň ýaşlaryň şäherine öwrülmegi buýsançly wakalaryň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Munuň özi ýaşlara bildirilýän belent ynamdyr, olar hakda edilýän aladadan nyşandyr.

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar