''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda diplomat ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, şol sanda Wýetnam Sosialistik Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy berkidilýär

11-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň geljekde-de köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmen energiýa serişdeleri we logistikasy tutuş sebitiň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga ukyplydyr

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy Aşgabat — Duşenbe, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy

Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana ugrady.

Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üstünden ýük aragatnaşygyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen geçirilen gepleşiklerde Özbegistan – Türkmenistan – Hazar deňzi – Russiýa multimodal ugruny işe girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar degişli ugur boýunça Özbegistanyň we Russiýanyň arsynda eksport-import daşamalaryny guramak we beýleki ikitaraplaýyn ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň meselelerine seretdiler.

Merkezi Aziýa: bilelikdäki tagallalar — umumy geljegiň bähbidine

Asyrlaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamagyň özboluşly nusgasyny kemala getiren Merkezi Aziýa döwletleriniň ykbalyny, sebitiň umumy ösüşini birek-birekden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu gün sebitiň ýurtlary diňe bir gadyrly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dowam etdirmek bilen çäklenmän, döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryp, dünýäniň häzirki meýillerini nazara almak bilen, ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarlar. Şunda özara gyzyklanmalardyr bähbitleriň birligini, baş maksadyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigini aýratyn nygtamak gerek. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly ýokary derejeli pikir alyşma meýdançasynyň döredilmegi hem açyk we netijeli gepleşikler arkaly hut şu maksada ýetmekde bilelikdäki tagallalara goşmaça itergi bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dünýäde dowam edýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda geostrategik taýdan ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Merkezi Aziýa sebitine gyzyklanmalaryň barha artýandygy has aýdyň duýulýar. Şunda bäş doganlyk döwletiň hem olaryň halklarynyň dostlugyny we hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrmak, jebisligimizi, hoşniýetli goňşuçylygymyzy, taryhy ykballarymy

Halkara giňişlikde

Innowasion tehnologiýalar boýunça tejribe alşyldy Tokioda Ýaponiýanyň Ylym geňeşiniň guramagynda «Durnuklylyk üçin ylym we tehnologiýalar — 2023» ady bilen geçirilen halkara maslahata ýapon Hökümetiniň agzalary, dünýäniň dürli ýurtlaryndan ylym we bilim boýunça hünärmenler, şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň wekili öz çykyşynda ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň döredilendigi hem-de onuň desgalarynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyp, täze şäherde ýokary tehnologiýalaryňdyr innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini nygtady.

Dost-doganlyk mekany

Ýurdumyzda resmi saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherine baryp gördüler. Şäher häkimliginde russiýaly hyzmatdaşlaryň täze şäheriň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Iki şäheriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwerlik babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga we Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna — «Ýol kartasyna» gol çekildi.

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň bähbidine netijeli tagallalar

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Newa boýundaky şäheriň biziň ýurdumyz bilen türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Döwrebap şäher gurluşygy: dünýäniň baý tejribesine daýanyp...

11-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy. Döwletara gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan ýokary derejesiniň hem-de ikitaraplaýyn pugta syýasy erkiň netijeli syýasaty ösdürmekde örän ähmiýetli bolup durýandygy nygtaldy. Oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar saklanýar, ykdysady hyzmatdaşlyk depginli häsiýetini görkezýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk arkaly däp bolan gatnaşyklaryň üsti ýetirilýär we baýlaşdyrylýar. Şol sebitleriň arasynda Russiýa Federasiýasynyň baý taryhy hem-de gaýtalanmajak binagärligi bilen tapawutlanýan öňdebaryjy şäherleriniň biri bolan Sankt-Peterburg hem bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynda berk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşýan uly şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigi nygtaldy.

TÜRKMENISTAN BILEN ÝUNESKO 30 ÝYL BÄRI HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

Türkmenistan – ÝUNESKO 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etmegi şanly ýylyň taryhy wakasy boldy. Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl me deni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimize degişli güwänamalary gowşurdy.

Däp bolan dostlukly gatnaşyklar

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim boýunça işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 7-nji sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hormatly myhmany boldy. Wekilçilikli topar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasyna, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasyna, Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezlerine aýlanyp gördüler. Şeýle hem bu ýerde wekilçilikli topar bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenow çykyş edip, iki diplomatik ýokary okuw jaýynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we olaryň geljegi barada durup geçdi.

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň Federal Söwda we senagat ministri doktor Gohar Ejaz bilen duşuşdy. Bu barada Pakistanyň söwda ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda söwda ýollary we demir ýol arabaglanyşyklary, gaz geçirijileri we üstaşyr söwda ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçikleri dogrusynda hem durup geçdiler.

Türkmen wekilýeti Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda guraljak Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi. Çeşmede bellenilişi ýaly, Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohimiň başlyklyk etmeginde geçiriljek duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etjek M.Çakyýew gazak kärdeşi Marat Karabaýew, özbek kärdeşi Ilhom Mahkamow hem-de gyrgyz kärdeşi Tilek Tekebäýew bilen bilelikde sebitde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri Duşanbe şäherinde duşuşarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri şu ýylyň 13-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde duşuşarlar. Täjigistanyň ulag ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyk 14-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmen wekiliýeti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

5-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäklerinde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary ösdürmek meseleleri, şol sanda sergi işiniň ulgamynda toplumlaýyn amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» barada habar berildi.

«Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO sergisi geçirildi

6 — 8-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde «Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak ýerli we daşary ýurtly işewürler, şol sanda türkmen telekeçileri hem gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylar türkmeniň milli mirasy bolan türkmen halylary, şaý-sepleri, milli egin-eşikleri, gap-gaçlary bilen ýakyndan tanşyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän mirasyna, däp-dessurlaryna çuňňur gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem olar ýurdumyzyň döwrebap binalarynyň ajaýyp suratlaryna syn etdiler we öz hoşallyklaryny aýtdylar.

Türkmenistan we Fransiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna saparyny amala aşyrdy. Saparyň ilkinji gününiň çäklerinde türkmen wekiliýeti Fransiýanyň «MEDEF-International» halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy.