Hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

12 Sentýabr 2023
676

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Newa boýundaky şäheriň biziň ýurdumyz bilen türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar