Däp bolan dostlukly gatnaşyklar

11 Sentýabr 2023
527

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim boýunça işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 7-nji sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hormatly myhmany boldy. Wekilçilikli topar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasyna, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasyna, Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezlerine aýlanyp gördüler. Şeýle hem bu ýerde wekilçilikli topar bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Onuň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenow çykyş edip, iki diplomatik ýokary okuw jaýynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we olaryň geljegi barada durup geçdi.

Aýgül AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar