Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

15 Sentýabr 2023
529

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Dang Min Khoýdan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň üýtgewsiz ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, şol sanda Wýetnam Sosialistik Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar