''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Döwrebap ulaglar ak ýollara rowana

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mübärek gadamynyň düşen ýeri gülläp ösüşlere, rysgal-berekede beslenýär. Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde-de Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi.

Sahawatlylygyň we salamatlygyň baýramy

Adamyň mertebesi, gadyr-gymmaty hemişe äşgärdir welin, toý-baýramda, üýşmeleňde bar zadyň ölçegi üýtgeşik bolaýýar. Oba-kendiň bilen bile ilden kemsiz toý-dabara geçirmek, märekäniň öňünde durmak üçin diňe öz öýüň-maşgalaň däl, tutuş neberäň agzybir, jebis, birek-biregiň abraýyna şärik bolmagy gerek. Bu gün şeýle synagly, şeýle sylagly, ýakymly gün geldi. Tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, goja Zeminiň üstündäki ebedi ýaşaýşyň mizemez gözbaşy, baky ynsan durmuşynyň süýji tagamy saýylýan, mähir-wepanyň, sahawat-salamatyň synmaz esasy hasaplanýan ynsanperwerligiň toýy — mukaddes Gurban baýramy türkmen topragyna mübärek gadamyny basdy. Aladasynyň artyk bolşy kimin, toýly günleriň dowamlylygam uzak ýaly. Göräýmäge, Gün adatdakydan ir dogup, giç ýaşýan ýaly, belki-de, ýakymly hysyrdylara baglanan adamlar ir örüp, giç ýygnanýandyrlar. Bu günem daň agarany bäri hojalykda uly-kiçiniň hysyrdysy ýetik. Gurbanlyk maly çalnyp, gazanlar ataryldy. Gelin-gyzlar işdäaçar, pişme-çapady, ýagly nan taýýarlamagyň aladasynda. Ýaşulularyň ýüzi metjide bakan, obadaşlary bilen gutlaşmagy, irki baýram namazyna gatnaşmagy, nurana säherde Biribara ýüreklerinde beslän doga-dileglerini ýetirmegi olar parz we mertebe saýýarlar.

Asylly ýörelgelere eýerip

Päkligiň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň we jebisligiň toýy hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolan mukaddes Gurban baýramy, tutuş ýurdumyzyň çäginde bolşy ýaly, gadymy Ahal welaýatynda hem giňden dabaralandyrylýar. Mukaddes toýuň dabaralary obalary, şäherçedir şäherleri gurşap alýar. Döwletli ojaklarda milli toý däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, asylly ýörelgelerimize birkemsiz eýerilip, gurbanlyk sadakalary berilýär, toý gazanlary atarylýar, bereketli saçaklar giňden ýazylýar, birek-birege hödür-kerem edilýär. Gurban baýramynyň ilkinji gününiň ir säherinde welaýatyň ähli metjitlerinde baýram namazy okalyp, ýagşy doga-dilegler edildi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde — «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dabara has-da köp adamly boldy. Welaýat derejesindäki dabara edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşululardyr mährem eneleriň hem-de köp sanly raýatyň gatnaşmagy, ol ýerde baýramçylyk gutlaglarynyň aýdylmagy, mukaddes senäniň ähmiýeti hakda söz açylmagy göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi. Ýagşydan-ýagşy arzuwlara beslenen dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Esasy sahnany welaýatyň medeniýet, sungat us

Jebislik ruhy bilen

Ruhy tämizligi, päk ynanjy, ynsanperwerligi ündeýän Gurban baýramy demirgazyk welaýatyň baş metjidinde, etraplardaky metjitlerde baýramçylyk namazy bilen başlandy. Mukaddes baýramyň mübärek günlerinde rysgal-rehnedi goşalanýan döwletli ojaklarda gurbanlyklar berlip, öý-ojaklara abadançylyk, il-güne parahatlyk, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, täze eýýamymyzda amala aşyrýan beýik işlerinde rowaçlyklar dileg edilýär. Welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň giň meýdançasy baýramçylyk joşgunyna, toý görnüşlerine beslendi. Howalanyp oturan bu toý binasynyň degre-daşyny türkmen toýlarynyň ýaraşygy bolan ak öýleriň uzyn hatary, uly hiňňildikler gurşap aldy. Welaýatyň sungat ussatlary, ýörite sungat mekdebiniň talyplary, halk döredijilik we tans toparlary uly baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar. Toý dabaralaryny geçirmäge niýetlenen giň sahnada ýerine ýetirilen bu aýdym-sazlar, tans kompozisiýalary ýurdumyzda höküm sürýän agzybirligiň, bagtyýarlygyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza bezeg berýän şanly wakalaryň waspyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ol «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini habar berip, bu möhüm ähmiýetli Kanuny makullandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, şol sanda Býujet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Parahatçylyk ilçisi

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­ly­gy, ýet­miş iki saz gu­ra­ly­nyň naý­ba­şy­sy, iki ki­riş­li, on üç per­de­li du­tar türk­me­niň ak öýü­niň tö­rü­niň gel­şi­gi, toý-baý­ram­la­ryň şa­ga­laň-şow­hu­ny­nyň esa­sy se­bäp­kä­ri bo­lup­dyr.

«Bir bagşeşden ýetmiş bela dep bolar»

Mähriban halkymyz ýene-de bir ajaýyp baýramçylygy — Gurban baýramyny garşy alýar. Ol külli musulman halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň hem nesillerden nesillere geçirip, aýratyn sarpalaýan mukaddes baýramlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda Gurban baýramynyň uly şatlyk bilen mynasyp garşylanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýärler. Gurban baýramynyň üç gününiň hem dynç güni diýlip yglan edilip, döwlet derejesinde giňden bellenilmegi, şäherlerde, obalarda hiňňildikleriň gurlup, aýdym-sazly dabaralaryň guralmagy asuda ýurdumyzda baýramçylyk joşgunyny artdyrýar, agzybirligi, dost-doganlygy berkidýär.

Ösüş-özgerişleriň, üstünlikleriň rowaç alýan döwri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde uly ösüşlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda gazanylan durmuş-ykdysady görkezijileriň mysalynda hem öz subutnamasyna eýe bolýar. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren, şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem muňa bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.  «Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary sporta çekmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hem rowaçlyklara beslenýär.

Gymmatly çeşme

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Änew medeniýetiniň üstüniň açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Eserde pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny taryhy wakalaryň, ylmy garaýyşlaryň üsti bilen giňden beýan edilýär. Eseriň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar.

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlary, ak mekdepleridir çagalar baglary, döwrebap enjamlaşdyrylan edara-kärhanalary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalary bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheri munuň aýdyň beýanydyr. Gysga döwürde gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan «akylly» şäher halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň giden hatary, döwrebap awtomobil ýollary, ajap seýilgähleri bilen gözüňi dokundyrýar. Belläp geçsek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň bir ýyllygy golaýlap gelýär. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Döwlet ähmiýetli «akylly» şäher

Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary

Ýurdumyzda geljekki nesilleriň bilimli bolmagy, sagdyn ösmegi, döwrebap durmuş şertlerinden peýdalanmagy barada döwlet Baştutanymyz uly alada edýär. Ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegini berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda terbiýelenýän, döwrebap bilim-terbiýe alýan ýaş nesilde görýär. Hemmetaraplaýyn kämil perzent öz-özünden döremeýär. Çaga ýaşlykdan bilim-sowat öwretmeli. Hünäre, durmuşa ugrukdyrmaly. Terbiýäniň manysy bolsa, çaga öňden ykrar edilen jemgyýetçilik we ruhy ahlak gymmatlyklaryny siňdirmekdir we ony jemgyýete peýdaly şahsyýet edip ýetişdirmekdir. Türkmen öz perzendiniň watansöýüji edep-ekramly, maksadaokgunly bolup ýetişmegi üçin uly alada edýär.

Aşgabat – sport ýurdunyň paýtagty

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Aşgabat şäheri halkara duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýakynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilmegi merjen şäherimiziň halkara abraýyny has-da beýgeldýär. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurulýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkara guramalar we dostlukly döwletler bilen sport hyzmatdaşlygyny alyp barýan ýurdumyz sport arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige, ösüşe çagyrýar.

Aziýa çempionatynyň medallary

Türkmen pälwanlary Tähranda geçirilen Kuraş boýunça 13-nji Aziýa çempionatynda bir altyn we on bürünç medal gazandylar. Çempionata 20 döwletden 200-e golaý türgen gatnaşdy. Biziň ýurdumyza 14 türgen wekilçilik etdi.

Sarpasy belent akyldar

Türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik söz ussadynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär. Pyragy halka hyzmat eden şahyrdyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň kalbyndan däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasynda orun aldy. Şahyryň umumadamzat ähmiýetli wagyz-nesihatlary häzirki bagtyýar zamanamyzda-da öz ähmiýetini ýitirenok. Onuň ahlaklylyk, lebzihalallyk, sabyr-kanagatlylyk, haýyr-sahawatlylyk, watançylyk, mertlik baradaky öwüt-ündewleri ulular üçin-de, ýaşlar üçin-de gymmatly çeşmedir.

Beýik söz ussady

Ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki ajaýyp günlerinde Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler dünýäniň çar künjeginde giň gerimde ýaýbaňlanýar. Bu türkmen halkynyň beýik ogluna Ýer ýüzünde uly hormat-sarpanyň goýulýandygynyň, akyldar şahyrymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň ýedi yklyma dolandygynyň nyşanydyr. Söz ussadynyň ebedilige ýaran bolan döredijiliginiň, watançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, halallyk, wepalylyk, zähmetsöýerlik, sagdynlyk, belent adamkärçilik ýaly kämil garaýyşlarynyň bütin adamzadyň kalbynda orun alandygynyň güwäsidir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde taýýarlanan «Magtymguly» atly saýlanan eserler ýygyndysynyň neşir edilmegini hem zamanamyzyň ajaýyp wakasy hökmünde häsiýetlendirmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň üç dilde çap edilmeginiň söz ussadynyň Ýer ýüzüniň ähli künjeklerindäki okyjylary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Şahyryň täze neşir edilen eserler ýygyndysy Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda nusgalyk

Ýaş alym­la­ryň ýü­rek buý­san­jy

Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­ni­len Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­rynyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Bu bäs­le­şik ze­hin­li ýaş­la­ry – alym­la­ryň tä­ze nes­li­ni ýü­ze çy­kar­ma­ga, yl­myň dür­li pu­dak­la­ryn­da bar­lag­la­ry hö­wes­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bäs­le­şik­de ýaş­la­ryň 107-si ýe­ňi­ji bol­dy, ola­ra hormatly Prezidentimiziň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar, de­giş­li dip­lom­lar gow­şu­ryl­dy. Biz hem bu bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lan ýaş alym­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny oky­jy­la­ra ýe­tir­ýä­ris. Ta­wus ME­RE­DO­WA,

Halkalaýyn energoulgam — halkyň bähbidine

5-nji iýun­da ýur­du­myz­da bi­te­wi hal­ka­la­ýyn ener­goul­ga­my dö­ret­me­giň tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de gur­lan Bal­kan — Da­şo­guz ug­ry bo­ýun­ça tä­ze ho­wa elekt­rik ge­çi­ri­ji­si we her bi­ri­niň güý­jen­me­si 500 ki­lo­wolt bo­lan elekt­rik be­ket­le­ri işe gi­ri­zil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Da­şo­guz we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, onuň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Döwlet Baştutanymyz da­ba­ra üçin ýö­ri­te taý­ýar­la­nan zal­da ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de çy­kyş et­di.

Iri gur­lu­şyk tas­la­ma­sy üns mer­ke­zin­de

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de bi­na edi­len Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ge­lip, şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­lar, ola­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gu­rul­ma­gy tek­lip edil­ýän des­ga­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Gör­ke­zil­ýän

Aras­sa ener­gi­ýa geç­mek­de eko­lo­gik me­se­le­ler

«Türk­men­gaz», «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­sern­le­ri we «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan paý­tag­ty­myz­da­ky «Ar­ça­bil» myh­man­ha­na­syn­da guralan «Ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň eko­lo­gik jä­het­le­ri» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat di­ňe bir ada­ty gör­nüş­de ge­çi­ril­män, eý­sem, dün­ýä­niň on­lar­ça döw­le­tin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly hem şöh­le­len­di­ril­di. Fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­sy­na pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ne­bit­gaz ugur­ly işe­wür dü­züm­le­ri­ň, ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri, bu ul­gam­da iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ler­men­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. Olar hal­ka­ra, se­bit we ýurt de­re­je­sin­dä­ki ýan­gyç-ener­ge­ti­

Ýaşlaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr

Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek baş ugurlaryň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan hem nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, lukmançylygyň häzirkizaman gazananlary esasynda bejergi işleriniň geçirilmegi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesliň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilen taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr. Biz edara-kärhanalarda bolanymyzda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş hünärmenleriň hak-hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilişi barada wagyz-ündew çärelerini guramak bilen birlikde ýaş nesil üçin amatly durmuş, ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertlerini döretmek, maşgala abadançylygyny gorama