Iri gur­lu­şyk tas­la­ma­sy üns mer­ke­zin­de

13 Iýun 2024
119

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp kün­jek­de bi­na edi­len Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ge­lip, şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa taý­ýar­la­ny­lan tas­la­ma­lar, ola­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gu­rul­ma­gy tek­lip edil­ýän des­ga­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Gör­ke­zil­ýän tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ça­ga­lar se­ýil­gä­hi­niň daş­ky be­zeg iş­le­ri­ne, «Sag­lyk» se­ýil­gä­hi­ne de­giş­li tas­la­ma­lar, olar­da otur­dyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän şe­kil­ler, tä­ze şä­he­riň Ak­han we Po­lat­ly bi­na­la­ry­nyň ara­syn­da­ky kö­çä­ni abat­la­mak bi­len bag­ly me­ýil­leş­di­ri­len iş­ler, Aş­ga­bat — Gök­de­pe ýo­lu­ny aý­la­nyp geç­mek bo­ýun­ça tek­lip edil­ýän ýer bö­lek­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, ýol-ulag dü­zü­mi­ne de­giş­li bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry, Ar­ka­dag şä­he­rin­de gu­rul­ýan mu­ze­ýiň meý­dan­ça­la­ra bö­lü­niş çyz­gy­la­ry, luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň meý­dan­ça­la­ry­nyň ýer­le­şiş çyz­gy­la­ry bar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri gör­ke­zi­len tas­la­ma­lar bi­len tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di.

Beýleki habarlar