Sahawatlylygyň we salamatlygyň baýramy

17 Iýun 2024
94

Adamyň mertebesi, gadyr-gymmaty hemişe äşgärdir welin, toý-baýramda, üýşmeleňde bar zadyň ölçegi üýtgeşik bolaýýar. Oba-kendiň bilen bile ilden kemsiz toý-dabara geçirmek, märekäniň öňünde durmak üçin diňe öz öýüň-maşgalaň däl, tutuş neberäň agzybir, jebis, birek-biregiň abraýyna şärik bolmagy gerek. Bu gün şeýle synagly, şeýle sylagly, ýakymly gün geldi. Tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, goja Zeminiň üstündäki ebedi ýaşaýşyň mizemez gözbaşy, baky ynsan durmuşynyň süýji tagamy saýylýan, mähir-wepanyň, sahawat-salamatyň synmaz esasy hasaplanýan ynsanperwerligiň toýy — mukaddes Gurban baýramy türkmen topragyna mübärek gadamyny basdy.

Aladasynyň artyk bolşy kimin, toýly günleriň dowamlylygam uzak ýaly. Göräýmäge, Gün adatdakydan ir dogup, giç ýaşýan ýaly, belki-de, ýakymly hysyrdylara baglanan adamlar ir örüp, giç ýygnanýandyrlar. Bu günem daň agarany bäri hojalykda uly-kiçiniň hysyrdysy ýetik. Gurbanlyk maly çalnyp, gazanlar ataryldy. Gelin-gyzlar işdäaçar, pişme-çapady, ýagly nan taýýarlamagyň aladasynda. Ýaşulularyň ýüzi metjide bakan, obadaşlary bilen gutlaşmagy, irki baýram namazyna gatnaşmagy, nurana säherde Biribara ýüreklerinde beslän doga-dileglerini ýetirmegi olar parz we mertebe saýýarlar.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar