Jebislik ruhy bilen

17 Iýun 2024
83

Ruhy tämizligi, päk ynanjy, ynsanperwerligi ündeýän Gurban baýramy demirgazyk welaýatyň baş metjidinde, etraplardaky metjitlerde baýramçylyk namazy bilen başlandy. Mukaddes baýramyň mübärek günlerinde rysgal-rehnedi goşalanýan döwletli ojaklarda gurbanlyklar berlip, öý-ojaklara abadançylyk, il-güne parahatlyk, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, täze eýýamymyzda amala aşyrýan beýik işlerinde rowaçlyklar dileg edilýär.

Welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň giň meýdançasy baýramçylyk joşgunyna, toý görnüşlerine beslendi. Howalanyp oturan bu toý binasynyň degre-daşyny türkmen toýlarynyň ýaraşygy bolan ak öýleriň uzyn hatary, uly hiňňildikler gurşap aldy. Welaýatyň sungat ussatlary, ýörite sungat mekdebiniň talyplary, halk döredijilik we tans toparlary uly baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar. Toý dabaralaryny geçirmäge niýetlenen giň sahnada ýerine ýetirilen bu aýdym-sazlar, tans kompozisiýalary ýurdumyzda höküm sürýän agzybirligiň, bagtyýarlygyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza bezeg berýän şanly wakalaryň waspyny ýetirdi.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşürenler Begençmyrat ATAÝEW, Ilaman ÖWEZOW.
Beýleki habarlar