''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 14-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ol “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini habar berip, bu möhüm ähmiýetli Kanuny makullandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, şol sanda Býujet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrsyn!

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna

Mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini hem-de işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany, hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz we zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda uly dabaralara beslenýän ýylynda Watan goragynda täze menzillere gadam goýmagyňyz sizi ýurt goragynda belent sepgitlere ruhlandyrmalydyr. Çünki Magtymguly Pyragy Watany söýmegiň, halkyň asuda, özbaşdak durmuşyny ähli zatdan ilerde goýmagyň belent nusgasyny görkezen merdana şahsyýetdir. Şoňa görä-de, siz ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini pugta berjaý etmelisiňiz. Milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny, d

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Bismillähir-rahmanir-rahim!Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, ýurdumyzyň at-abraýyny has-da beýgeldýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmen-koreý gatnaşyklary berkidilýär

10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet sapary boldy. Belent mertebeli myhmanyň saparynyň ilkinji gününiň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, iki ýurduň Baştutanlarynyň «Rowaç» zalynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Daşary ýurt kompaniýalary ýurdumyza gyzyklanma bildirýär

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi bellenildi. BAE-niň iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda durmuşa geçirýän taslamalaryna üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Ilçi işe başlady

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem myhmana döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan, halkymyzyň bagtyýarlygyna, Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Iş maslahaty geçirildi

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de türkmen ylmynyň gazananlaryny dabaralandyrýan bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de ylmy-medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, ylmy diplomatiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda edýän tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Bu duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady

Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylmy maglumatlar bilim ulgamynyň esasyny düzýär, çünki hut şeýle bilim okuw arkaly täze nesillere geçirilýär. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara gatnaşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli a

Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady

Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylmy maglumatlar bilim ulgamynyň esasyny düzýär, çünki hut şeýle bilim okuw arkaly täze nesillere geçirilýär. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara gatnaşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, ze

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de türkmen ylmynyň gazananlaryny dabaralandyrýan bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de ylmy-medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy, ylmy diplomatiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda edýän tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Diýarda dessurdyr dostana durmuş

Ajaýyp zamanamyzda dostlukly Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklarymyz täze derejä çykdy. Birek-biregiň milli gymmatlyklaryna, ýörelgelerine, däp-dessurlaryna sarpa goýmak arkaly baýlaşan gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar. 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlaly bäri türkmen-koreý hyzmatdaşlygy, iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilip gelinýär. Özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginde ýurtlarymyzyň arasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça 2008-nji ýylda döredilen hökümetara türkmen-koreý toparyna, şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda döredilen «Türkmenistan — Koreýa» işewürler geňeşine we Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparyna uly orun degişlidir. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki gatnaşyklar gazanylan netijeleriň çygryny giňeltmekde täze mümkinçilikleriň meýdançasyna öwrüldi. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza amala aşyran iki günlük döwlet sapary bolsa dostluga, birek-birege hormat-sar

«Altyn toprakly» gardaşlar

Dostlukly gatnaşyklar ynsanlary, ýurtlary ýakynlaşdyrýar. Ynsanperwerligi ýörelge edinen Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dostluk ýollary bu gün dünýäniň çar künjegine uzaýar. Dost-doganlyk köprüsi arkaly gatnaşyklarymyzyň ýylsaýyn berkeýän ýurtlarynyň biri-de Ýaponiýadyr. Diplomatik gatnaşyklarymyz 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýlan, «Günüň dogýan ýurdy» diýlip atlandyrylýan Ýaponiýa bilen dürli ugurlarda, şol sanda innowasion serişdeleri döretmekde, ulanmakda, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyklar barha giň gerim alýar. 2016-njy ýylda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmegi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2007-nji ýyldan bäri ýapon diliniň okadylmagy, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesinde bu dilden sapak berilmegi, talyplarymyzyň Ýaponiýanyň Tottori we Mie uniwersitetlerinde bilimlerini kämilleşdirendikleri işleriň öňe tarap ilerlemegine gönükdirilen ädimlerdir.

Türkmenistan — Koreýa: geljegi uly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan, umumadamzat bähbitli dost-doganlyk syýasaty bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze derejä çykarylýar. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn başlangyçlary netijesinde eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha artyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan goňşy we alysdaky döwletler bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini günsaýyn giňeldýär. Hormatly Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň depginli ösüşi hem onuň aýdyň mysallaryndandyr.

Beýiklige sarpa

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň kanun esasynda berkidilmegi ony geljekki nesillere ýetirmegiň ygtybarly kepilidir Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmek we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda: «Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir» diýlip beýan edilýär. Ýurdumyzda bu ulgama degişli Esasy Kanunymyzyň ýörelgelerinden ugur alýan birnäçe kanunlarymyz hereket edýär. Ýagny, «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda»,  «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Teatr we teatr işi hakynda», «Kinematografiýa hakynda» ýaly Türkmenistanyň Kanunlary bolup, olar döwre görä yzygiderli kämilleşdirilýär.