Diýarda dessurdyr dostana durmuş

13 Iýun 2024
155

Ajaýyp zamanamyzda dostlukly Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklarymyz täze derejä çykdy. Birek-biregiň milli gymmatlyklaryna, ýörelgelerine, däp-dessurlaryna sarpa goýmak arkaly baýlaşan gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar.

1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlaly bäri türkmen-koreý hyzmatdaşlygy, iki ýurduň mümkinçiliklerine we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda ileri tutulýan ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilip gelinýär. Özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginde ýurtlarymyzyň arasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça 2008-nji ýylda döredilen hökümetara türkmen-koreý toparyna, şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda döredilen «Türkmenistan — Koreýa» işewürler geňeşine we Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparyna uly orun degişlidir. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki gatnaşyklar gazanylan netijeleriň çygryny giňeltmekde täze mümkinçilikleriň meýdançasyna öwrüldi. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza amala aşyran iki günlük döwlet sapary bolsa dostluga, birek-birege hormat-sarpa esaslanýan gatnaşyklaryň nobatdaky sahypasyny açdy.

Akbibi SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar