«Altyn toprakly» gardaşlar

13 Iýun 2024
132

Dostlukly gatnaşyklar ynsanlary, ýurtlary ýakynlaşdyrýar. Ynsanperwerligi ýörelge edinen Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dostluk ýollary bu gün dünýäniň çar künjegine uzaýar. Dost-doganlyk köprüsi arkaly gatnaşyklarymyzyň ýylsaýyn berkeýän ýurtlarynyň biri-de Ýaponiýadyr.

Diplomatik gatnaşyklarymyz 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýlan, «Günüň dogýan ýurdy» diýlip atlandyrylýan Ýaponiýa bilen dürli ugurlarda, şol sanda innowasion serişdeleri döretmekde, ulanmakda, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda we ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyklar barha giň gerim alýar. 2016-njy ýylda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmegi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2007-nji ýyldan bäri ýapon diliniň okadylmagy, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesinde bu dilden sapak berilmegi, talyplarymyzyň Ýaponiýanyň Tottori we Mie uniwersitetlerinde bilimlerini kämilleşdirendikleri işleriň öňe tarap ilerlemegine gönükdirilen ädimlerdir.

Resul KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar