Türkmenistan — Koreýa: geljegi uly gatnaşyklaryň täze sahypasy

13 Iýun 2024
105

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan, umumadamzat bähbitli dost-doganlyk syýasaty bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze derejä çykarylýar. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn başlangyçlary netijesinde eziz Diýarymyzyň halkara abraýy barha artyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan goňşy we alysdaky döwletler bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini günsaýyn giňeldýär. Hormatly Prezidentimiziň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň depginli ösüşi hem onuň aýdyň mysallaryndandyr.

«Adalat».
Beýleki habarlar