''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ýatdan çykmajak gün

(Hekaýa) Biz obada seleň-sähra ýerde ýaşaýardyk. Howlymyz giňdi. Biz säher hem-de agşamaralar maşgala agzalarymyz bolup üýşüp, giň ýaýrawly howlymyzyň üzüm dalbarynyň aşagyna düşek düşelen ýerde nahar edinerdik.

Arzyly kitap

(Hekaýa) Öýümiziň aýratyn bir otagynda atamyň kitaphanasy bardy. Atam mugallymdy. Okumyş, kitaphon adamdy. Kitaphanasyndaky köp kitaplary ýatdan bilýärdi. Ýöne atamyň bir häsiýeti bardy. Ol kitaphanasyna girende, şol bir kitaby sesli görnüşde okaýardy. Mende «Atam näme üçin şol bir kitaby okaýarka?» diýen sorag döreýärdi. Ine, günleriň birinde biz kitaphananyň içini tämizläp ýördük.

Goşgular çemeni

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Azat RAHMANOW

Adam bolmak kyn ...

Kömek KULYÝEW, ýazyjy. (Erteki-powest)

Gülmähegiň gülleri

(Hekaýa) Synplarynda okuwa ýetişigi babatda-da, dil öwrenmek, kitap okamaga gezek gelende-de aýratyn tapawutlanýan Gülmähek el işlerine-de diýseň höwesjeňdi. Onuň bilesigelijiligini töwereginde ýaşaýan goňşy gyzjagazlar bilen tirkeşip zähmet sapagyny okadýan Sona mugallymyň «El hünäri — il gezer» gurnagyna işjeň gatnaýandygyndan hem biläýmelidi. Mugallymyň sapakdan soň galyp öwrenesi gelýän gyzjagazlara örüm örmegi, alaja işmegi öwretmegi olaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrýardy. Ulurak synpda okaýan gyzjagazlaryň arasynda mugallymynyň kömegi bilen eýýäm köýnek biçmegi we tikmegi başarýanlaryň bardygyny bilip, beýleki gyzjagazlar hem has-da höwesli ýapyşýardylar. Gülmähek hem işjeňdi, hem örän synçydy. Onuň her bir zady özboluşly gaýtalanmaýan waka öwresi gelýärdi. Gyzjagazlaryň dürli reňkli ýüplüklerden nagyşly jorap örýänleri bardy, Gülmähek hem örmegi başarýardy, emma ol ýa täze bir gül salardy, ýa-da nagyşlaryny üýtgederdi, hökman täzelik girizýärdi.

Çaga kalbynyň owazy

Magtymgulyň setirleri Şygyrlary döwre ganat beripdir,Beripdir akyly, paýhasy bile.Beýik Magtymguly öwüt beripdir,Egsilmez ylhamy, yhlasy bile.

Uly sowgat

(Hekaýa) «Şygryýet» diýilse, aňymda beýik bir ynsanyň — Pyragynyň keşbi janlanýar. Bu nurana keşp häli-häzire çenli ynsanyýetiň dünýäsine öz täsirini ýetirip, onuň päk kalbyndan syzylyp çykan dürdäne jümlelerden ýürekler jünbüş eýleýär. Köňülleri lerzana salýan şol jadyly setirler hiç wagt gadyr-gymmatyny ýitirmez.

Dostluk daragty

Tursunbaý ADAŞBAÝEW, özbek şahyry. Kemput

Durnajyk

(Erteki) Bir kiçijek durna bolupdyr. Onuň dostlary aýy, pyşdyl eken. Howa sowap başlandan durnalar ýyly ýere göçmäge hyýallanypdyrlar. Kiçijek durna ene durnanyň «Ýör, gideli!» diýenine gulak asman, dostlary pyşdyl bilen aýynyň ýanynda galyberenmiş. Ol bir gün dostlary bilen bile oýnaýan ýerine gelse, ne pyşdyl barmyş, ne-de aýy. Durnajyk: «Aýynyň öýüne baraýyn, belkem, ol öýündedir» diýip oýlanypdyr-da, aýy dostunyňka barypdyr. Ýöne aýy agyr gyş ukusyna giden eken. Ol ony oýaryp bilmejekdigine gözi ýetenden soň, pyşdylyňka barypdyr. Pyşdylam gyş ukusynda eken. Durnajyk ýalňyz galyp, enesiniň diýenini etmän, telek iş edendigine düşünipdir. Ol bir ýyly gowak tapyp, şol ýerde gyşlapdyr we ýazyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyberipdir. Ahyram gyş sowlup, ýaz baýyrlary bezäp ugranda, durnalar bu ýere dolanypdyrlar. Durnajyk süriniň içinden enesini dessine tanapdyr. Ene durna balajygyny bagryna basyp, aşa begenipdir.

Çagalara okamagy maslahat berilýän kitaplar

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda) Ine-de, tomus. Ine-de, dynç alyş möwsümi! Hezil edip dynç alýarkaň, hezil edip kitap okabermeli möwsüm. Üç aýda, gör, näçe kitap okap bolar?! Ýöne şonda-da, biz size iýun aýynda okamak üçin üç sany kitap salgy berýäris. Şol üçüsini okaň, şu-da ýeterlik. Sebäbi siz dynjam almaly, «Awaza», «Gökderä», beýleki dynç alyş merkezlerine-de gitmeli. Garaz, tomsuňam «işi özüne ýetik».

Uzyn burunly oglanjyk

Ýalan sözlände, burny öz-özünden ulalýan oglanjyk barada eşidip gördüňizmi?! Aslynda, onuň burny ozalyndan şeýle ýasalan. Ýalan sözlände welin, burny has-da ulalyberýär. «Beýle uzyn burunly oglanjyk kimkä?!» diýmäň. Ony dünýäniň ähli çagalary gowy tanaýar. Ol ilkibada agaçdan ýasalsa-da, oňa jan girensoň, edil özümiz ýaly oglanjyga öwrülip, kakasynyň kömegi bilen mekdebe-de gatnap başlaýar. Eline ullakan «Harplyk» kitabyny alyp, okamaga, ýazmaga hem synanyşýar. Ýöne entek kiçijek bolansoň, onuňam beýleki çagalar ýaly oýnasy, bökjekläsi gelýär. Ine, şol ýerdenem uzyn burunly oglanjygyň täsin başdangeçirmeleri başlanýar.

Akylly oglanjyk

(Rowaýat) Gadymy döwürlerde hanlaryň biri medresäniň ýanyndaky çagalaryň okadylýan ýerine barypdyr. Ol çagalara sapak berýän müderris bilen görşüp, saglyk-amanlyk soraşypdyr. Çagalara, daş-töweregine göz aýlapdyr. Şonda bir oglanjyk hanyň ünsüni özüne çekipdir. Han onuň bihal däldigini aňypdyr.

Ylham ýaýlasy

Eziz Watanym! Ýüreklerde mähir, söýgi döreden,Ýyly, gyzgyn gujagynda ýer eden, Bagtyýar halkynyň agzyn bir eden, Arkadag Serdarly eziz, Watanym!

Mübärek kanun

Söze, şygra, edebiýata ýugrulan ýylymyzyň her aýy, her güni akyldarymyz, pähimdarymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly gelýär. Şanyna guralýan dabaralarda, taryhy wakalarda şahyryň şygra siňen ömri bar, arzuwlan berkarar döwri bar. «Türkmeniň Magtymgulusy bar». Bu jümle il içinde-de, dünýä ýüzünde-de ýygy-ýygydan ýaňlanýar. Şeýle beýik söz ussadynyň türkmen halkymyzdan dörändigine buýsanjymyzyň çäk-serhedi ýok. Bu türkmeniň bagtynyň daş ýarmasy, ykbalynyň çüwmesidir. Ýakynda munuň ýene bir subudyny gördük. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Intellektual şahyr, görnükli dramaturg

Kerim Gurbannepesow birmahal, «Sowet edebiýatynyň» (häzirki «Garagum») baş redaktory wagtynda «Her ýylyň maýy — poeziýa aýy» diýen şygar bilen žurnalyň tutuş bir sanyny poeziýa bagyşlamagy kada öwürdi. Maý — gül-gunçaly aý. Nurana aý. Tebigatyň gözelleşýän, dünýäniň tämizlenýän, köňülleriň heserlenýän aýy. Baharyň şanyna ýene näçe aýtsaň aýdybermeli. Meger, şahyr bu ajaýyp aýda Onuň Alyhezretleri Poeziýa ýakynlyk, meňzeşlik görendir. Şygryýetem janlanyş üçin, tämizleniş üçin, ösüş üçin, ynsanyýet kalbynyň gözelleşmegi üçin. Şol mahallar her ýylyň maýynda Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň günleri geçirilerdi. Türkmen tebigatynyň nurana günleriniň birinde, anyk aýtsak, 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda Aşgabadyň etegindäki Köşi obasynda soňra görnükli şahyrlaryň biri bolup ýetişen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Hormatly il ýaşulusy derejelerine, beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp görlen şahyr hem dramaturg Annaberdi Agabaýew eneden bolupdyr. Ondan bäri wagt geçip, soňra ol ençeme ýyllap öz doglan gününi Magtymgulynyň şygryýet toýy bilen sazlaşykly toýlady.

Mübärek Kanun

Söze, şygra, edebiýata ýugrulan ýylymyzyň her aýy, her güni akyldarymyz, pähimdarymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly gelýär. Şanyna guralýan dabaralarda, taryhy wakalarda şahyryň şygra siňen ömri bar, arzuwlan berkarar döwri bar. «Türkmeniň Magtymgulusy bar». Bu jümle il içinde-de, dünýä ýüzünde-de ýygy-ýygydan ýaňlanýar. Şeýle beýik söz ussadynyň türkmen halkymyzdan dörändigine buýsanjymyzyň çäk-serhedi ýok. Bu türkmeniň bagtynyň daş ýarmasy, ykbalynyň çüwmesidir. Ýakynda munuň ýene bir subudyny gördük. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Halypa ýazyjynyň hormaty

Ýakynda Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde ussat ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylyp «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy» atly edebi-sazly agşam geçirildi. Onda etrap medeniýet bölüminiň müdiri Baýram Gurbanow, etrabyň Sakar şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary Altyn Öwezowa, Danagül Ergeşowa, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Ereş Talypow, Berdi Akyýew, Türkmenistanyň ussat mugallymy Göwher Baltaýewa we Maral Hemraýewa çykyş edip, ençeme romandyr powestleriň awtory, 1926-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ilkinji gezek özbaşdak kitap edip çykaran ýazyjy B.Kerbabaýew hakda buýsançly gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleri şahyryň goşgularyny labyzly okadylar, «Magtymguly» dramasyndan sahnalary görkezdiler. Garaşsyz Watanymyzy, abadan durmuşymyzy wasp edýän aýdymlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bilen utgaşdy.

Şygryýet

Pyragyly nesiller (Aýdym) Ýaşlyga ýarandyr arzuw wysaly,Ýaşlyga ýarandyr bagt ýollary.Kalby doly hyruç: jennet mysaly,Gülzara beslemek sagy-sollary.

Sonetleriň müşki-anbary

Şygryýetimizdäki islendik galkynyşa, ýüze çykan žanr täzeliginiň döredijilikli dowamatyna ýiti synçylyk bilen pikir-garaýşyny goşmak akademik Myratgeldi Söýegowyň ylmy edähedidi. Ol şahyr Guldurdy Sähetdurdyýewiň sonetleri baradaky makalasyny aramyzda ýaşap ýörkä, redaksiýamyza getiripdi. Okyjylaryň göwnünden turar diýen umyt bilen alymyň makalasyny gazetimizde çap etmegi makul bildik. Şygryýet ahyrky maksatda öz-özüňi açmakdyr, goşgy setirleri arkaly öz ruhy dünýäňi aýan etmekdir. Şu maksat bilen şahyr dürli temalara, parhy ýok, bolup geçen ýa-da dowam edýän durmuşyň dürli ugurlaryna ýüzlenip biler. Öz-özüňi açyp, okyjylar üçin öň mälim bolmadyk täze bir ruhy dünýäni aýan edäýmek welin goşgy ýazmak bilen meşgullanýan her bir kişä eýgertmeýär. Bu işde dogryňy aýtmasaň, bolşuňy hem durmuşy bolşy, görnüşi ýaly beýan etmeseň, okyjy saňa ynanmaýar. Guldurdy Sähetdurdyýewiň «Ýyldyrym» sonetler çemeninden bir mysal:

Kalp nagyşlary (Oýlanma)

Eneler... Siziň öz perzentleriňize paýlaýan baýlyklaryňyz göz öňüne getirerden has uly. Agram taýdanam, beýiklik, giňişlik, çygyr taýdanam ol baýlyklaryň ölçegini alyp bolar öýdemok. Sebäbi eneleriň balalaryna bagyş edýän söýgüsinden daşgary-da mähir yssysyna garyp berýän öwüt-ündewleri, terbiýesi... gyz maşgala üçin-ä ömürboýy peýdalanyp ýörmeli gymmatlyk. Belki, zenan maşgalanyň enesini erkek kişä garanda has köp ýatlaýandygynyň sebäbi-de şondadyr. Onsoň gaýyn öýüniň alkyşyna, töwereginiň öwgüli sözlerine mynasyp bolup ýören gelinlere gabat geleniňde, ony haýsydyr bir enäniň döreden sungat eserini synlan ýaly buýsanç bilen synlaýarsyň. Ejemiň ýaňy bir gulpajygyny keýkerdip ýörenje gyzjagazlygymdan tä ak patasyny alyp, durmuş ýolunyň ýodasyna düşüp gaýdan pursatyma çenli beren terbiýesini, öwütlerini kalbyma çeken nagyşlary hasaplaýaryn. Ol ajaýyp nagyşlar her bir ädimde diňe özüme däl, töweregimdäkilere-de ruhy lezzet berýär. Ejemiň kalbyma çeken nagyşlarynyň iň gözelleriniň biri — ähli ýaramaz zatlary çalt unutmak endigim. Mähriban käbämiň: «Ýakymsyz zatlary ýüregiňden çykaryp bilmän, öýkäni güzer edinip ýörmekden görjek peýdaň bolmaz, gyzym. Beýdip ýörseň, gabat gelen zibili çöpläp, torba salyp, egninde göterip ýören