Mübärek kanun

14 Iýun 2024
229

Söze, şygra, edebiýata ýugrulan ýylymyzyň her aýy, her güni akyldarymyz, pähimdarymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly gelýär. Şanyna guralýan dabaralarda, taryhy wakalarda şahyryň şygra siňen ömri bar, arzuwlan berkarar döwri bar.

«Türkmeniň Magtymgulusy bar». Bu jümle il içinde-de, dünýä ýüzünde-de ýygy-ýygydan ýaňlanýar. Şeýle beýik söz ussadynyň türkmen halkymyzdan dörändigine buýsanjymyzyň çäk-serhedi ýok. Bu türkmeniň bagtynyň daş ýarmasy, ykbalynyň çüwmesidir. Ýakynda munuň ýene bir subudyny gördük. «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.
Beýleki habarlar