Halypa ýazyjynyň hormaty

13 Iýun 2024
214

Ýakynda Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde ussat ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylyp «Türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy» atly edebi-sazly agşam geçirildi. Onda etrap medeniýet bölüminiň müdiri Baýram Gurbanow, etrabyň Sakar şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary Altyn Öwezowa, Danagül Ergeşowa, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Ereş Talypow, Berdi Akyýew, Türkmenistanyň ussat mugallymy Göwher Baltaýewa we Maral Hemraýewa çykyş edip, ençeme romandyr powestleriň awtory, 1926-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ilkinji gezek özbaşdak kitap edip çykaran ýazyjy B.Kerbabaýew hakda buýsançly gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleri şahyryň goşgularyny labyzly okadylar, «Magtymguly» dramasyndan sahnalary görkezdiler. Garaşsyz Watanymyzy, abadan durmuşymyzy wasp edýän aýdymlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bilen utgaşdy.

Laçyn RESULOWA,
Saýat etrabynyň 24-nji «Kebelejik» çagalar bakja-bagynyň usulçy terbiýeçisi.
Beýleki habarlar