Sonetleriň müşki-anbary

13 Iýun 2024
188

Şygryýetimizdäki islendik galkynyşa, ýüze çykan žanr täzeliginiň döredijilikli dowamatyna ýiti synçylyk bilen pikir-garaýşyny goşmak akademik Myratgeldi Söýegowyň ylmy edähedidi. Ol şahyr Guldurdy Sähetdurdyýewiň sonetleri baradaky makalasyny aramyzda ýaşap ýörkä, redaksiýamyza getiripdi. Okyjylaryň göwnünden turar diýen umyt bilen alymyň makalasyny gazetimizde çap etmegi makul bildik.

Şygryýet ahyrky maksatda öz-özüňi açmakdyr, goşgy setirleri arkaly öz ruhy dünýäňi aýan etmekdir. Şu maksat bilen şahyr dürli temalara, parhy ýok, bolup geçen ýa-da dowam edýän durmuşyň dürli ugurlaryna ýüzlenip biler. Öz-özüňi açyp, okyjylar üçin öň mälim bolmadyk täze bir ruhy dünýäni aýan edäýmek welin goşgy ýazmak bilen meşgullanýan her bir kişä eýgertmeýär. Bu işde dogryňy aýtmasaň, bolşuňy hem durmuşy bolşy, görnüşi ýaly beýan etmeseň, okyjy saňa ynanmaýar. Guldurdy Sähetdurdyýewiň «Ýyldyrym» sonetler çemeninden bir mysal:

Beýleki habarlar